
Atalaryň geçen ýoly – nesillere ýörelge. Olaryň çeken asylly zähmeti, halallyga ýugrulan ömür beýany “gelejegiň ak daňy” hasaplanýan ogullara görelde mekdebidir. Ynsan balasy arkama-arka dowam edip gelýän bu üznüksiz ýaşaýşynyň dowamynda ýeke-täk zada – “bakylyga ýetmäge” ymtylýar. Türkmen halky düýp babamyz Oguz han Türkmenden galan şeýle bir pähime halys ýürekden ynanýar: “Bakylygy pähim-paýhas bilen galdyryp bolýar.”
Dana ata-babalarymyz pähim-paýhasyny sözüň keramatly güýjüne siňdirip, nesillere ýörelge boljak kitaplary we eserleri miras galdyrypdyrlar. Şu asylly ýörelgä eýerip, eziz Arkadagymyzyň halka peşgeş beren “Ömrümiň manysy” atly taryhy-filosofiki eseri türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryndan söhbet açmak bilen milletiň ruhy ýüzüni dünýä äşgär edýär.
“Ömrümiň manysy” atly kitapda ata-ene mukaddesligi, çaga terbiýesi barada hem giňişleýin pikir ýöredilýär. Hususanda, Arkadagymyzyň Daşoguz welaýatynda iş saparynda bolup, Uzakbaý atly adamyň döwletli ojagynyň hormatly myhmany bolşy baradaky ýatlamalary hem aýratyn bellärliklidir. Şonda on üç sany çagany terbiýeleýän bu döwletli maşgala barada ýöredilýän pikirler türkmen halkynyň döwletlilik ýörelgeleriniň asyl mazmunyna aralaşmak bilen beýan edilipdir. Köp çagaly maşgalalaryň ýaşaýyş durmuşynyň we ösüşiniň içki syry ýene-de “ynam” diýen düşünje bilen baglanyşdyrylýar. Çünki, şeýle maşgalalarda ata-ene uly perzendine mähir-yhlasyny siňdirýär we kämil ruhda terbiýelemäge çalyşýar, soň olar kiçi ýaşly jigilerine esewan bolmagy nowbahar perzendine ynanýar. Çaga özüne bildirilen ynamy ödemek üçin elde baryny edip, gara dogan-uly dogan hökmünde hossar çykyp, ata-enesi bilen maşgala keşigini deň çekişýär. Bu dessur türkmen halkynyň gadymdan galan ýörelgesi. Atalaryň altyn ýoly bu günki nesliň esaslanýan baş ugry bolmalydyr. Halk ýaşlara ynam bildirýär, indi ýurduň geljegi ýaşlaryň elinde. Bu bolsa mukaddes borç we uly jogapkärçilikdir.
Maýa BABANIÝAZOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



