
Mertebe şahsyýetiñ abraý-ahlagyna, akyl-paýhasyna, tälimine we terbiýesine görä kesgitlenilýän dereje hasaplanylýar. Şonuñ üçin hem mertebelilik diýen düşünje hem terbiýeçilik işinden hiç hili üzñe däldir. Şoña görä-de türkmeniñ terbiýe taglymatynda derejäniñ we abraý-mertebäniñ düýp özeni terbiýeden, edep-ekramdan, tertip-düzgünden gözbaş alýar. Diýmek, abraý-mertebeli, sylag-hormatly, il-halka, ata Watana wepaly nesli ýetişdirmekde çagalara berilýän terbiýäniñ çuññur mazmunly we ýokary hilli bolmagyny gazanmak gerek.
Türkmeniñ döwletlilik ýörelgesiniñ aýrylmaz bir bölegi hasaplanylýan perzent terbiýesi meselesini halkymyz asyrlar boýy kämilleşdirip, onuñ tejribesini düýpli esasda üns merkezinde saklap gelýär. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe hem barha dabaralanýar.
Merdana milletimiziñ owal-ahyr synmadyk, şek ýetmedik belent derejesini we çuññur mertebesini hut şu hakykatyñ özi ykrar edýär. Çünki türkmeniñ perzendine berýän terbiýesi ene süýdi ýaly halaldyr. Şoña görä-de gadymy Oguz ýurdunda kemala gelýän her bir asly arassa nesil añrybaşy terbiýeçilik däplerinde ösdürilip ýetişdirilýär. Olar edep babatda-da, ahlak taýdan hem, ylym-sowat ugrunda-da, kär-hünär meselesinde-de kämil ulgamyñ şertlerinde ösdürilýär. Ajaýyp zamanamyzyñ nesilleriniñ mertebeli keşbini, hakyky manysynda ähli taraplaýyn terbiýeli, medeniýetli sypatlaryny kemala getirmekde Gahryman Arkadagymyzyñ arzyly kitaplary bahasyna ýetip bolmajak, hiç haçan gadyr-gymmaty egsilmejek gollanmalar hökmünde peýdalanylýar. Ýeri gelende bellesek, bu hakykat Garaşsyzlyk ýyllarynyñ ýaşlarynyñ keşbinde has-da äşgär görünýär. Bu nesiller gaýratly ata-babalarymyzyñ hakyky türkmençilik däplerine, şol sanda il halar ynsan, edermen esger, ussat mugallym, öz topragynyñ hakyky watançysy Berdimuhamet Annaýewiñ göreldeli ömür ýolundan, Watanyñ wepaly ogly Mälikguly Berdimuhamedowyñ kämil nusgasyndan görelde alýarlar.

Arkadagly Serdarymyzyñ ýaşlaryñ hakyky şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda döredip berýän giñ mümkinçilikleri bolsa dünýä ýaşlary bilen deñli-derejeli nesillerimiziñ jemgyýetde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar. Munuñ üçin bolsa biz bilim-terbiýeçilik işgärleri hökmünde hormatly Prezidentimize egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys.
Türkmeniñ terbiýe mukaddesligini belende göterip, mertebesi mizemez milletimiziñ nesillerine parasat-pähmi bilen nusgalyk mekdep bolan Milli Liderimiziñ ömri uzak, jany sag, işleri hemişe rowaç bolsun! Bu alkyşly arzuwlar bagtyýar çagalarymyzyñ hem köñül owazy, dilleriniñ senasydyr.
Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiñ baş hünärmeni.



