
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak babatda uly işler durmuşa geçirilip, sportuň ösmegine, köpçülikleýin bedenterbiýäniň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň rowaçlyklara beslenmegine aýratyn ähmiýet berilýär.
Döwletiň we jemgyýetiň iň ýokary gymmatlygy bolan adam we onuň saglygy, abadan durmuşy baradaky alada ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet syýasatynda bütin aýdyňlygy bilen ýüze çykýar. Häzirki wagtda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyz bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de sagdynlygyň mekany hökmünde dünýäde giňden tanalýar.
Bedew bady bilen ynamly öňe barýan Diýarymyzda jemgyýetiň ähli ulgamlaryna sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşdyrylýandygyna, sport we köpçülikleýin bedenterbiýe bilen meşgullanýan raýatlaryň barha köpelýändigine Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň ilkinji günlerinden başlap geçirilýän çäreleriň, bäsleşikleriň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.
«Bütin durky bilen Watan mukaddesligine uýýan, şöhratly geçmişimize, häzirki günümize hem-de nurana ertirimize buýsanýan ýaşlar biziň geljegimizdir» diýip nygtamak bilen, köpçülikleýin bedenterbiýäni ýaýbaňlandyrmakda, sporty ösdürmekde, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, belent başy aman bolup, alyp barýan il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!
Hasan ŞÜKÜROW,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň 30-njy orta mekdebiniň bedenterbiýe mugallymy.



