Žurnalistiň sahypasy

Merw – Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri

06-03-2023 / 7

Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan Merw Türkmenistanyň günorta-gündogarynda ýerleşip, Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm duralgasy bolup hyzmat edipdir.

Arheologlaryň gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde, alymlaryň toplan maglumatlaryna görä, gadymy Merwde halkymyzyň geçmişiniň şaýady bolan binagärlik we arheologik binalaryň 300-e golaýy hasaba alnyp, olaryň ählisi döwlet tarapyndan goralýar. Ol binalar biri-biri bilen arabaglanyşykly bolup, dünýä taryhynda mynasyp ornuny tapan, bu gadymy topragyň geçmişinden habar berýärler. Orta asyr taryhçylaryň galdyran ýazgylarynda, şeýle-de alymlaryň toplan maglumatlaryna görä, Merwiň üstünden geçýän kerwen ýollarynyň esasy ugurlaryny yzarlamaga, gadymy ýazgylarda aňladylýan oba-şäherleriň käbirleriniň garyndylaryny görmäge mümkinçilik döredildi.

Asyrlaryň dowamynda emele gelen türkmeniň kämil, milli medeniýeti öz gözbaşyny hut  şol döwürden alyp gaýdýar. Elbetde welaýatyň orta gürpünde ýerleşip, ösen medeniýeti we senetçiligi bilen ýokary medeniýete eýe bolan Merw şäheri dumly-duşdan gelýän kerwen ýollarynyň üsti bilen söwda gatnaşyklarynyň hem-de amatly merkez hökmünde hyzmat edipdir. Goňurdepeden tapylan paýtagt şäheri gadymy gündogar dünýäsiniň ýokary medeniýet merkezleriniň adaty we özboluşly aýratynlyklaryna mahsus bolup, ondaky ägirt uly köşkler toplumy, gadymy gonamçylyk häzirki wagta çenli näbelli bolan maglumatlary ýüze çykardy.

Şäheriň gülläp-ösen döwri XI-XII asyrlara degişlidir. Erkgala, Gäwürgala, Soltangala, Abdyllahangala ýaly galalaryň hersiniň arkasynda hanlaryň köp asyrlyk şöhratly taryhy ýatyr. Häzirki döwürde ol ýerler dünýäniň arheologlary üçin hakyky hazynadyr. 1999-njy ýylda bahasyna ýetip bolmajak bu ýadygärlikler toplumy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy sanawyna goşuldy.

Wepa HALYMOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu