Žurnalistiň sahypasy

Çaga edebi – eziz

03-03-2023 / 20

Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli zerur şertler döredilýär.

Çagalar baglarynda çagalara sapaklaryň interaktiw tagtanyň üsti bilen geçilmegi, kompýuter sowatlylygynyň öwredilmegi çagalaryň dünýä derejesinde bilim almagynyň ilkinji başlangyjy bolup durýar. Döwrebap çagalar baglarynyň we ak mekdepleriň interaktiw tagtaly okuw otaglaryndaky multimediýa tehnologiýalar geçilýän sapaklary çuňňur özleşdirmäge mümkinçilik berýär.

Çaga akyl terbiýesi näçe ir berilse, onuň dünýägaraýşy şonça-da ir kämilleşýär. Bu döwürde çagalar aýdylan, öwredilen zatlary näçe tiz öwrenseler-de, olary tiz ýatdan çykarýarlar. Şonuň üçinem sapaklar her bir çaganyň ýatdan çykarmajak şekilinde gyzyklyja öwrediji oýunlaryň üsti bilen we gaýtalamak görnüşde öwredilse, körpeleriň ýatda saklamaklaryna has oňaýly täsir edýär.

Çagalara sapak berlende, görkezilýän suratlaryň özüne çekijiligi, owadanlygy, reňkleri çagalaryň sapaga ünsüni jemlemekde hem-de olaryň ýadynda gowy galmagynda hem ähmiýeti uludyr. Her bir sapak başlananda, öňi bilen oýun usullaryndan peýdalanyp, çagalaryň ünsüni sapaga çekmäge çalyşmaly. Çagalar bilen mylakatly, güler ýüzli bolmaly, her düşündirýän temaňy ýa-da oýnuň gidişini sada dilde düşündirmeli hem-de çagalar üçin tema bilen baglanyşykly öwrediji oýunlary saýlap almaly bolýar.

Uly ýaşly toparlardaky çagalara sowat öwretmek sapaklarynda interaktiw tagtada guramaçylyk döwrüniň owadan suratlar arkaly hepde günleriniň, aýlaryň, pasyllaryň şekiller arkaly görkezilmegi her pasly beýan edýän şekil çykanda, pasla mahsuslykda sesiň eşidilmegi, mysal üçin, ýaz paslyny beýan edenimizde, ýagşyň sesiniň eşidilmegi çagalarda uly täsir galdyrýar. Söhbetdeşlik geçenimizde, gülleýän, gül açýan Watanymyz, döwlet nyşanlarymyz hakyndaky şekiller arkaly görkezip, çagalara goşgy setirleri bilen beýan etdirsek, olaryň aňynda gowy galýar.

Ýaşlarymyzyň kämil şahsyýet bolup ýetişmekleri üçin Arkadagly Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işler çäksizdir. Döwrebap çagalar baglary, mekdepler, sport toplumlary ýaş nesliň röwşen geljegi baradaky aladanyň aýdyň beýanydyr.

Muhabbat SULTANOWA,
Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu