Žurnalistiň sahypasy

Zenan kalby — bahar ýaly mylaýym

Halkara zenanlar gününe

03-03-2023 / 20

Bahar paslynyň gelmegi bilen daş-töweregimiz al-elwan güllere beslendi. Ýaz güllerinden ilki boglan çemenler bolsa bahar ýaly mylaýym hem mähriban enelerimize, görkana gyz-gelinlere sowgat berilýär. Çünki bahar pasly özi bilen Halkara zenanlar baýramçylygyny hem alyp geldi.

Türkmen halkynyň özboluşly aýratynlygy onuň zenan maşgala bolan hormatynda hem aýan bolýar. Zenan mertebesini, gadyr-gymmatyny hemişe belentde tutýan halkymyz asyrlaryň dowamynda türkmen gelin-gyzlaryny, mährem eneleri wasp edýän ajaýyp eserleri döredipdirler. Dilleri senaly enelerimiz, baýdak boýly, gül meňizli gyz-gelinlerimiz bu ajaýyp hormaty özleriniň ylahy asyllylygy, edep-ekramy, hünärliligi, sypaýylygy, salykatlylygy, gözelligi bilen gazanypdyr.

Şahyrlaryň şygyrlarynyň ylhamyna öwrülen zenanlar döwrümiziň baýdagy, mertebesi hökmünde öýlerimizi, dünýämizi bezäp ýaşaýar. Olaryň syrdan doly dünýäsi açylmadyk hazyna mysaly, döwürleri we nesilleri baglanyşdyrýan halkadyr. Öý-ojagyň abadanlygyny hem-de maşgalanyň agzybirligini saklamak, perzentlerini edepli, terbiýeli etmek, olara asylly görelde bolmak zenan maşgalanyň mukaddes borjudyr. Dogumly, eli hünärli zenanlaryň waspy il içinde «Eklenip bilmeseň, aýal al», «Ýagşy aýal birini iki eder», «Bolduran hem aýal, güldüren hem aýal», «Aýalyň tagtam, bagtam — ojak başynda», «Gyz edebi — il edebi», «Gelniň – aýagy, çopanyň – taýagy» diýen ýaly jümlelerde beýan edilipdir. Zenan maşgala jemgyýetiň terbiýesinde hem uly orun tutýar. Çünki, perzendiň dünýä inmegi bilen edep-ekram, terbiýe ene göreldesinden başlanýar.

Türkmen jemgyýetinde zenan gözellik çeşmesidir. Dünýäniň ähli gözelliklerini zenan waspynda ulanýarlar. Zenan bu dünýäniň bezegidir. Türkmen ýazyny ýada salýan nepis haly, keçe, keşde, älemgoşardan reňk alan elwan matalar bularyň hemmesi hem zenan aňynyň önümidir. Diýmek, zenanyň halkyň döreden milli mirasynyň, milli medeniýetiniň ösmeginde uly orny bardyr.

Nurana HALYKOWA,
TOHI-niň Agroinžener taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu