
ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramaga, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga we tebigy täsinlikleri dünýä ýaýmaga esaslanýan maksady Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleri bilen kybapdaşdyr. Hut şonuň üçin hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.
Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.
Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga-da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.
Gözel HAÝTGULYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.



