Häzirki döwürde ulag ulgamyna dünýä hojalygyny ösdürmegiň esasy hereketlendiriji mehanizmi, barha globallaşýan XXI asyrda ýakynlaşmagyň we durnukly ösmegiň hökmany şerti hökmünde garalýar. Hazarýaka sebitinde ýerleşýän ýurdumyz halkara ulag ulgamynyň kämil infrastrukturasynyň kemala gelmegine mynasyp goşant goşýar.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 15-16-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda geçirilen deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahatyň ähmiýetini aýratyn nygtamak gerek. Çärelere we wakalara baý bolan deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ulag ministrleriniň derejesindäki maslahat Türkmenistanyň halkara ulag ulgamynyň ösüşine uly itergi berýändigini subut etdi.
Şu ýylyň 26-27-nji aprelinde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan şäherinde «Hazar sebitiniň ulag-logistikasy 2023» ady bilen halkara forum geçirjekdigini bellemelidiris. Oňa hazarýaka döwletleriň, şeýle-de Hindistanyň ulag we logistika boýunça wekilleri gatnaşarlar. Bu barada forumcaspian.ru web-saýtynda habar berildi.
Iri halkara ykdysady forumda degişli döwletleriň arasynda ulag, söwda gatnaşyklaryny ösdürmek, halkara ulag taslamalaryny durmuşa geçirmek we oňa döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Oňa degişli döwletlerden 300-den gowrak wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.
Bir hakykat bar: bilelikde hereket edip, menzil geçmek, netije gazanmak üçin öňde goýulýan maksatlaryňdyr eýerilýän gymmatlyklaryň, bar bolan mümkinçilikleriňdir şertleriň deňagramlylygy, özara sazlaşygy zerur. Şonuň bilen bir hatarda hem, ynanyşmak, döwrüň talaplaryna, dünýäniň syýasy, ykdysady ýagdaýlaryna degerli baha berip, dogry netije çykarmagy başarmak ösüş maksatnamalaryny amala aşyrmaga şert döredýär.
Kemal DÖWLETÝAROW,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.