Žurnalistiň sahypasy

Bereket buşlugy

02-03-2023 / 7

Şu günler ene topraga oba hojalyk ekinleriniň ýeralma, sogan we başga-da köpsanly görnüşleri ekilip başlandy. Bu gün daýhanlaryň iň gowy arzuwlaryny, isleglerini aýdyp, asylly işe girişýändiklerini synlamak bolýar.

Milli baýlygymyz we buýsanjymyz bolan gowaçanyň ekişine-de tizden badalga berler. Hormatly Prezidentimiziň Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde beren tabşyryklaryna laýyklykda bu möhüm möwsüme göwnejaý taýýarlyk görülýär. Ilki bilen daýhanlarymyzyň tehnika bilen üpjünçiliginiň has gowulanandygyny buýsanç bilen aýdasyň gelýär. Döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen oba hojalygynyň tehniki taýdan üpjünçiligini has-da berkitmek, önüm öndürilişini artdyrmak maksady bilen daşary ýurtlaryň kuwwatly oba hojalyk tehnikalary tapgyrma-tapgyr getirilip dur. 

Şu ýylyň gyşynyň sowugy hem, ýagyşdyr gary hem ýeterlik boldy. Howa şertleri topragyň arly gyş talabalaýyk dem almagyna we zyýan berijileriň sowuk howa şertlerinde ýok bolmagyna getirdi. Şonuň üçin hem oba hojalykçylar baharyň hem garaşylýan howa şertlerini eçiljekdigine ynanýarlar. Şeýle-de bolsa, olar tohumlyk çigidiň ätiýaçlyk goruny taýýarlamagy hem ahmal etmediler.

Häzirki wagtda gowaça ekişinde ulanyljak zerur tehnikalaryň ähli görnüşleri taýýarlyk nyzamyna goýuldy. Olaryň hemmesi-de daşary ýurtlaryň kämil tehnikalarydyr. Şu ýyl hem gowaça ekişinde Fransiýanyň meşhur «Monosem» kompaniýasynyň gowaça ekijileri ulanylar. Ekişden soň gowaçanyň bejergisinde ABŞ-nyň «Ortman-8375» kysymly bir wagtyň özünde hem dökün berýän, hem topragy ýumşadýan enjamlaryndan hem giňden peýdalanylar.

Hawa, bereket tohumy sepiljek günler daşda däl. Tehnikalaryň möhüm möwsüme göwnejaý taýýar edilmegi bolsa daýhanlaryň ýerden bol hasyl almak baradaky arzuwlaryna ganat bagladýar.

Täzegül MUHAMMETGULYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň uly mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu