Žurnalistiň sahypasy

Zenanlar — Zeminiň zynaty

02-03-2023 / 16

Ata Watanymyz iñ bagtyýar ynsanlaryñ ýaşaýan mekany hökmünde tanalýar. Bu hakykata zenanlaryñ bagtyýarlygynyñ mysalynda hem doly göz ýetirmek mümkin. Zenanlar bagtly durmuşda ýaşaýan bolsa, diýmek nesiller hem bagtlydyr. Nesilleriñ bagtly ykbaly bolsa tutuş halkymyzyñ ajaýyp durmuşyndan nyşandyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe hem bu sazlaşykly bagtyýarlyk barha dabaralanýar. Çünki häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyñ milli ýörelgelerimize laýyklykda zenanlaryñ hormatyny pugtalandyrmakda başyny başlan tagallalary mynasyp dowam etdirilýär. Türkmen zenanlaryna, gelin-gyzlarymyza, mähriban käbelerimize goýulýan hormatyñ barha giñemegi bolsa bizi tüýs ýürekden buýsandyrýar.

Döwletimizde zenanlaryñ alyp barýan işlerine, gazanýan zähmet üstünliklerine ýokary baha berilýän döwürde ýaşamak, işlemek we döretmek belent derejedir. Bilşimiz ýaly, türkmen zenanlarynyñ jemgyýetde eýeleýän orny barha berkidilýär. Olar ata Watanymyzyñ ähli ulgamlardaky ösüşlerine saldamly şahsy goşantlaryny goşýarlar. Bularyñ bolsa hiç biri ünsden düşürilmeýär. Gaýratly türkmen zenanlary bitiren asylly we netijeli işleri üçin Şa serpaýlary, döwlet sylaglary bilen sylaglanýar. Olara hormatly atlar dakylyp, täze üstünliklere höweslendirilýär.

Geçmişde hem il-halk, ata ýurt üçin örän uly hyzmatlary bitirip, taryhyñ altyn sahypalaryna atlaryny ýazan merdana türkmen zenanlarynyñ bolandygyny uly buýsanç bilen bellemek bolar. Milli mertebeliligimizi binýat eden ene-mamalarymyzyñ durmuş tejribesi, nusgawy däpleri, hünär we sungat babatdaky miraslary hem-de terbiýeçilik mekdebi döwürdeş zenanlarymyz, hususan-da biz — bilim işgärleri üçin hem görelde mekdebi bolup hyzmat edýär.

Biz — zenanlar asyl ýolumyz, baý we gaýtalanmajak edebi, medeni gymmatlyklarymyz bilen ebedilik ýolunda ynamly öňe barýarys. Sebäbi biziň ýurdumyzda eneleriň gadry, hormaty barha pugtalanýar. Şeýle ajaýyp ýõrelgäni bolsa öz paýhasy, bahasyna ýetip bolmajak eserleri bilen rowaçlandyran Gahryman Arkadagymyz bar. Peder ýoluna ygrarly, milli däplerimize sarpaly, zenanlara sylagly Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda ýetilýän menzillere guwanýan zenanlaryň bolsa buýsanç, guwanjy egsilmezdir. Bu günki günde ähli zenanlaryň köňlünde Milli Liderimize, hormatly Prezidentimize arzyly alkyşlar bar. Kalpdan çykan ol arzuwlar bolsa asmana sary ýol salyp, Haka barýandyr. Çünki eneleriň dilegi, alkyş senasy ýerde ýatýan däldir. Häzirki toýly günlerde edilen arzuwlaryň bolsa hasyl boljakdagyna bolan ynam her bir türkmeniň ýagşy niýetinde jemlenýär.

Enegyz SULIÝEWA,
Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe bölüminiň hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu