Žurnalistiň sahypasy

ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory

02-03-2023 / 7

Şähergurluşyk syýasaty adamzat işiniň beýleki käbir ulgamlary ýaly döredijilikli çemeleşmäni talap edýär. Häzirki wagtda Aşgabady «Dizaýn» ugry boýunça ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizmek babatdaky işler hem uly çäreleriň özenini düzýär.

Ýeri gelende bellesek, ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň tory 2004-nji ýylda döredildi. Oňa häzirki wagtda dünýäniň 90 ýurdundan şäherleriň 300-e golaýy girýär. Iri guramanyň döredijilik şäherleriniň tory şäherleri durnukly ösdürmegiň, durmuş taýdan goşulyşmagyň hem-de medeniýetiň dünýädäki täsirini giňeltmeginiň hereketlendirijisi hökmünde döredijilige maýa goýmaga taýýar bolan şäherleriň arasynda halkara derejede hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

Paýtagtymyzda gözellik we amatlylyk, binagärligiň, inženerçilik-tehniki pikiriň öňdebaryjy gazananlary, milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri hem-de türkmenleriň ýaşaýyş-durmuşynyň aýratynlyklary sazlaşykly utgaşýar. Munuň özi desgalaryň taslamalaryny işläp düzüjileriň öňünde gyzykly döredijilik wezipelerini goýýar.

Geçen ýylda Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň bilelikde geçiren «Dizaýn — 2022» atly Aşgabat forumy we «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergisi hem bellärliklidir. Many-mazmuna eýe bolan «Araçäksiz dizaýn» atly halkara sergi binagärleriň, dizaýnerleriň, heýkeltaraşlaryň täze teklipleridir gazananlary bilen tanyşdyrdy.

Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi diňe bir halkara medeni gatnaşyklary ösdürmekde türkmen paýtagtynyň hyzmatlarynyň ykrar edilmeginiň nobatdaky subutnamasy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, onuň dünýäniň şäherleri bilen özara gatnaşyklaryny giňeltmäge hem mümkinçilik berer.

Gülnur OTYZOWA,
TOHI-niň Oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu