Žurnalistiň sahypasy

Belentdedir zenanlaryň sarpasy

01-03-2023 / 7

Garaşsyz Diýarymyzda raýatlaryñ bagtyýar durmuşyny üpjün etmek, ählihalk bähbitli tutumly işleri rowaçlandyrmak ugrunda alnyp döwlet syýasaty barha dabaralanýar. Şol sanda ýurdumyzyñ zenanlaryna goýulýan sarpa hem belent derejelere çykýar.

Türkmen zenanlarynyñ jemgyýetimizde eýeleýän ornunyñ berkidilmegi, olaryň abadan durmuşda ýaşamagy, netijeli zähmet çekmegi ugrunda döredilýän giň möçberli asylly işler biziň her birimizi buýsandyrýar. Bu günki günde bagtyýar türkmen zenanlary halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ylym-bilimde we jemgyýetçilik işlerinde ukyp-başarnyklary, bilim-zehinleri we gazanan tejribeleri bilen ata Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Türkmen zenanlarynyň maşgala gymmatlyklaryny berkitmekde, milli ýörelgelerimizi dowam etmekde we nesil terbiýelemekde alyp barýan işleri hem bellenilmäge mynasypdyr.

Zenanlar öý-ojagyň söýesi, çagalaryň saýasy hasaplanylýar. Olaryň mähir-muhabbeti, yhlas-söýgisi we terbiýe mekdebi hakyky şahsyýetleriň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýedir. Mähriban enelerimiziň hüwdüsinden ganat alan perzentler bolsa il ýurda, ata Watana wepaly nesiller bolup ýetişýärler. Munuň özi jemgyýetimizde kämil ýaşlaryň kemala getirilmegi, sagdyn ösdürilmegi we zamanabap düşünjeli, milli terbiýeli ogul-gyzlaryň sanynyň barha artmagyna itergi berýär.

Berkarar döwletimizde gelin-gyzlara, ene-mamalarymyza goýulýan sarpa we hormat olary mundan beýläk hem ähli babatda gazanylýan köpugurly ösüşlere mynasyp goşant goşmaga ruhlandyrýar. Ýeri gelende Diýarymyzda köp çagaly enelere durmuş ýeňillikleriniň döredilýändigini, olaryň döwlet sylaglary bilen sylaglanylýandygyny hem bellemek örän ýakymly. Ýurdumyzda enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrundaky ajaýyp işler bolsa döwletlilik ýolunyň dowamatyna, nesilleri ak ertirleriň bosagasyna atarýar.

Her ýylda Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň zenanlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan Şa sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Bu bolsa şanly sene mynasybetli guralýan çärelere aýratyn many-mazmun bagyşlap, nurana hem mähirli türkmen zenanlarynyň toý şatlygyny has-da artdyrýar.

Biz şu ajaýyp zamananyň zenanlary bolup, “Enä tagym — mukaddeslige tagzym” diýen arzyly eserleri bilen enä sarpa goýmagyň nusgasyny görkezýän, beýik işleri bilen zenanlaryň ykbalyny gülledýän Gahryman Arkadagymyza, zenan sarpasyny belende göterip, göwünlere ganat berýän Arkadagly Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys. Halkymyzyň baş arzuwyna öwrülen bu alkyşlar dili senaly eneleriň kalbyndan has-da joşgunly çykýar.

Maral AGAÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Sakarçäge etrap birleşmesiniň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu