
Halyçylyk sungaty – mährem enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň el hünäriniň gudraty bilen döreýän gadymy hem nepis sungat. Göreniňde özüne maýyl edýän halynyň taryhyna ser salanyňda, özüniň şol sungatyň eýesi bolan halkyň perzendidigiňe buýsanmak has-da ýakymly. Çünki, türkmen gelin gyzlarynyň uz barmaklarynyň gudratyndan döreýän halylar, haly önümleri, biziň durmuşyny bezeýär, bedew batly ösüp barýan döwrümize täze öwüşgin çaýýar.
Waspy dessana mynasyp türkmen halylarynyň ýokary çeperçiligini mährem zenanlarymyzyň yhlas bilen dokan halylarynyň her bir nagşyna siňdiren isleg-arzuwlary, halkymyzyň däp-dessurlarydyr, milliligi babatdaky rowaýata öwrülip duran göllerinde aýdyň görmek bolýar. Olar bu ajaýyp sungatyň üsti bilen asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan baý taryhymyzy beýan etmegi başarypdyrlar.
Şu ýerde türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigini buýsançly bellemek gerek. ÝUNESKO-nyň bilermenleriniň türkmen el halyçylyk däplerini tutuş dünýäniň beýik medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde ykrar etmeginiň bu milli gymmatlygymyzyň daşary ýurtlardaky abraýyny has belende galdyrjakdygy, has giň gerimli meşhurlyga eýe etjekdigi şübhesizdir.
Türkmen halyçy gelin-gyzlarynyň dür dökülýän ellerinden çykýan gözel eserlere haýran galmajak adamy hem tapmak kyndyr. Milli medeniýetiň däpleri hakynda söhbet edilende, öz ähmiýeti boýunça ägirtlige barabar bolan bu sungat babatda — türkmen halkynyň tutuş ýaşaýyş pelsepesiniň içinden eriş-argaç geçýän bu sungat hakynda gürrüň açmazlyk mümkin däldir.
Haly gölleri ösüşiň uzak ýoluny geçmek, halkyň ruhy özboluşlylygynyň we beýik baý taryhy-medeni mirasynyň çeper beýany bolmak bilen, häzirki zaman türkmen döwletinde milli taýdan jebisleşdiriji nyşanlaryň birine öwrüldi. Haly gölleri ýurdumyzyň Döwlet baýdagyny bezeýär, binagärçilik bezeginiň aýrylmaz düzümi bolup durýar.
Akjemal GÖKGÄÝEWA,
TOHI-niň Gidrotehniki desgalar taýýarlyk ugrunyň 1-nji ýyl talyby.



