Žurnalistiň sahypasy

Türkmeniň döwletli ýolunyň altyn şuglasy

28-02-2023 / 8

Paýtagtymyzyň eteginde täze Arkadag şäheriniň döredilmegi türkmeniň şan-şöhratyny ýene bir gez belende galdyrdy.

Täze şäheriň düýbüni tutup, üç ýyldan gowrak wagtyň içinde belent-belent ymaratlary galdyrmak ýeňil iş däl. Emma biziň gurluşykçylarymyz bu işiň abraý bilen hötdesinden geldiler. Bu günki gün biri-birinden owadan, kaşaň binalar toplumy emele geldi.

Täze şäheriň bina edilmeginiň aňyrsynda Gahryman Arkadagymyzyň irginsiz tagallalary, binagärlik başlangyçlary ýatyr. Şu sebäpli täze şähere Arkadag adynyň dakylmagy biziň her birimiziň ýürek arzuwymyz. Gurmak, döretmek diňe gurply, kuwwatly döwlete başardýar.

Täze şäheriň çäklerinde häzirki zaman sanly ulgamy esasynda lukmançylyk, bank, söwda edaralarynyň işlemegi üçin şertler dörediler, awtobuslaryň gatnawlary düzgünleşdiriler, taksi hyzmatlary hödürleniler. Şunda “akylly” şäher konsepsiýasynyň, elektron resminama dolanyşygynyň netijeli işiniň ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berler. Merkezde häzirki zaman internet ulgamynyň serişdeleri hereket eder we dürli ugurlar boýunça degişli portallaryň işleri ýola goýlar. Munuň özi döwrebap aragatnaşyk ulgamynyň kämil derejesiniň hemmeler üçin elýeterli bolmagyny şertlendirer.

Täze şäheriň çäginde elektrobuslaryň we elektromobil taksileriň işini ýola goýmak meýilleşdirilýär. Şunda bu ulgamlaryň sazlaşykly hereketini üpjün etmek maksady bilen, hereket sazlaýjy yşyklaryň, awtoduralgalaryň işine sanly ulgam ornaşdyrylar. Munuň özi sazlaşykly hereketi hem-de şäher ilaty we onuň myhmanlary üçin ýokary derejeli hyzmatlaryň elýeterli bolmagyny üpjün eder.

Arkadag şäheri — döwletliligimiziň altyn şuglasydyr. Özgerişiň, bagtyň, buýsanjyň mukamydyr.

Annamyrat MÄTIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Lebap welaýaty boýunça müdirliginiň Köýtendag etrap bölüminiň kiçi gözegçisi, leýtenant.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu