Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar – ösüşiň hereketlendiriji güýji

27-02-2023 / 9

Biziň şu günümiz, geljegimiz ýaşlara berk baglydyr. Olaryň amala aşyrýan işlerinden döwrümiz, ömrümiz gülleýär. Eýýäm birnäçe taryhy wakalaryň şaýady bolan 2023-nji ýylyň adynyň ýaşlar bilen bagly bolmagy döwrüň öňe çykaran derwaýyslygydyr. 28-nji ýanwarda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi şanly ýylymyzyň şatlygyny goşalandyran taryhy wakalaryň biri boldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ajaýyp işler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has-da eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir. Ýaşlary watançylyk, ynsanperwerlik we ýokary ahlaklylyk, Watana we şöhratly taryhymyza, halkymyzyň medeniýetine, däp-dessurlaryna we maşgala gymmatlyklaryna hormat goýmak ruhunda terbiýelemek, ylym-bilime höwesini artdyrmak hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň esasy ugry bolup durýar.

Arkadagly Serdarymyzyň: «Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belleýşi ýaly, häzirki döwürde bagtyýar ýaşlarymyza uly ynam bildirilýär. Bu belent ynamy ödäp, kalbyndaky buýsanjy bilen mukaddes borja wepaly ýaşlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny uly zähmet ýeňişlerine beslemek ugrunda okaýarlar, öwrenýärler, döredýärler. Halkymyzyň gadymdan gelýän türkmençilik dessurlarynyň biri bolan halypa-şägirtlik ýörelgesini mynasyp dowam etdirýärler. Berkarar döwletimiziň bagtyýar ýaşlary ylma, bilime yhlasly ýapyşýarlar, medeni-köpçülik çärelerine işjeň gatnaşyp, täze, döwrebap tehnologiýalara ussatlyk bilen erk edýärler, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. 

Jennet MYRADOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu