
Ýowuz güýjüň, altyn-zeriň bitirip bilmedik işleriniň aýdym-sazyň, sungatyň bitiren wagtynyň az bolmandygyny Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp kitaplaryndan bilýäris. Meşhur Şükür bagşynyň eline hiç bir ýarag alman, öz senedini — türkmen milli dutaryny alyp, doganyny ýesirlikden boşatmagy sazyň dawa-jenjelden üstün gelýändigini, sungat arkaly parahatçylygy döredip bolýandygyny äşgär edýär.
Her bir türkmen maşgalasynyň töründe dutaryň durmagy, mahal-mahal saz çalnyp, bagşy diňlenmegi ata-babalarymyzdan gelýän däplerimiziň biridir. Ýetginjeklikden gursagy sazdan, owazdan ganan çaganyň zehini diýseň özboluşly bolýar. Türkmende ýaňy ýola düşen zehinli sazandanyň «berekellasy» ýetirilende: «Hä, öz-ä çagalykda dutaryň sapyndan dişläne meňzeýär» diýilýär.
Türkmeniň saza bolan höwesi, yhlasy, wepalylygy daşary ýurtlardan gelen myhmanlary hem haýran galdyrypdyr. 1863-nji ýylda Türkmenistanda bolan wenger syýahatçysy Armeniý Wamberi: «Türkmeniň aýdym-saza bolan höwesi haýran galdyrýar. Bu adamlar üçin saz we şygryýet aňrybaşy ruhy lezzetdir» diýip belläpdir. Gündogarşynas alym Aleksandr Samoýlowiç bolsa: «Türkmen bagşylary şol halkyň janly kitaphanasy we saz konserwatoriýasy diýsek-de öte geçdigimiz bolmasa gerek» diýip, türkmen sazyna uly baha beripdir. Hawa, saz türkmeniň hemişelik hemrasy, kyn gününde teselli berýän, toý-baýramlarynda bolsa şatlyk paýlaýan bir gudratdyr.
ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan ýene-de bir milliligimiziň – Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň orun tapmagy ählimiziň köňül şatlygymyzy goşalandyrdy. Munuň özi dutar saz sungatymyzyň mundan buýana-da çawunyň dünýä ýaýyljakdygyna ynamymyzy artdyrýar.
Ýedibaý BAÝRAMDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.



