Žurnalistiň sahypasy

Köňüllere dolan şahyr

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

27-02-2023 / 9

Il arasynda “Magtymguly – halkyň guly”, “Magtymguly – wagtyň guly”, “Magtymguly – bagtyň guly” diýen sözler häli-şindi eşidilýär. Şahyryň özi hem “Magtymguly, sözlär dili türkmeniň”, “Öz halkymyň görer gözi, sözlär sözi idim” diýipdir. Dogrudan hem, Magtymguly bütin ömür boýy iline-gününe hyzmat edipdir, ähli ukybyny, başarnygyny, ussatlygyny halkyna bagyşlapdyr, täleýini-kysmatyny hem halkyň täleýi-kysmaty bilen baglapdyr. Mahlasy, ol halka iň ýakyn duran adam bolupdyr.

Magtymguly ýurdy, halky tozgunçylykdan, daşary ýurt basybalyjylarynyň çozuşlaryndan halas etmegiň ýollaryny agtarypdyr. Ol bu ugurda köp agtaryşlar, gözlegler geçiripdir. Umyt bilen adatdan daşary bir güýjüň hemaýat bererine, halkyň bagtynyň oýanaryna, gowy günleriň gelerine, käte bolsa han-begleriň, serdarlaryň umumy halk bähbidi üçin möhüm işler alyp bararyna garaşypdyr. Emma bu arzuwlarynyň hiç biri-de başa barmaýar. Şondan soň ol türkmen tire-taýpalarynyň arasyndaky duşmançylygyň soňuna çykyp, olary birleşdirmeli, merkezleşdirilen bir döwlet gurmaly diýen netijä gelýär. Magtymguly türkmen halkynyň tozgunçylyga, talaňçylyga düşmeginiň düýp sebäbiniň olaryň agzala hem dagynyk ýaşamaklaryndadygyna akyl ýetiripdir. Dogry, birleşmek, agzybirlik, merkezleşen döwlet gurmak pikiri Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” kitabynda hem gozgalýar, ýöne şahyr bu meseläni umumy goýýar. Magtymguly bolsa ony XVIII asyr türkmen durmuşy bilen baglanyşdyrdy hem anyklaşdyrdy. Has takygy, ol ony iş ýüzüne geçirmäge synanyşdy, onuň ýollaryny agtardy. Netijede, Magtymguly türkmen jemgyýetçi­lik aňynyň taryhynda ilkinji bolup, bu taryhy hakykata akyl ýetirdi, ony jemagat arasynda giňden wagyz-nesihat etdi. Şu maksat bilen hem ol “Türkmeniň”, “Döker bolduk ýaşymyz”, “Öňi-ardy bilinmez”, “Türkmen binasy” ýaly eserlerini döredipdir.

Magtymguly bir saçakdan (supradan) çörek iýmegi, duz-emek bolmagy birek-birege ynanyşmagyň ýokary çägi, ygtybarly görnüşi hasaplaýar. Eger ähli halk “bir çukura tüýkürse”, bir agza garasa, uly güýjüň emele geljekdigine, onuň öňünde hiç bir zadyň durup bilme­jekdigine şahyr ynanypdyr.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudar Gulzumy, derýaýy-Nili.
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Şahyr bütin halk daşary ýurt basybalyjylaryna garşy göreşe çyk­sa, onda oňa hiç kim batyrynyp bilmez, onuň özüni özi gorar ýaly uly goşuny hem bolar diýýär:

Ýomut, gökleň täsir edip özünden,
Çekdi goşun, öňi-ardy bilinmez.
Sygmaý çykdy deşti-Dahhan düzünden,
Ýörän ýoly, gonan ýurdy bilinmez.

Ol “Türkmen binasy” atly gazalynda-da şu pikiri ýöredip, birleşen güýjüň uly sarsmaz galany döredip biljekdigini tekrarlap geçýär:

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup,
Kylsa bir jaýga ýörişni, açylar gül lälesi.
Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna,
Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.

Şahyr dostluk, agzybirlik, birleşmek pikirlerini öňe sürmek bilen, agzalalygy, dagynyklygy, birek-birege duşmançylygy ýazgarýar:

Agzy ala bolan iliň,
Döwleti gaçan ýalydyr.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli, 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýurdumyzyň öňe süren başlangyçlarynyň biragyzdan goldanylmagy beýik söz ussadyna goýulýan belent sarpanyň güwäsidir.

Annagözel REPOWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu