Žurnalistiň sahypasy

Türkmenistan ― ÝUNESKO: Diýardan ýaýran ýollar

27-02-2023 / 9

ÝUNESKO-nyň medeni mirasy goramaga, taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamaga we tebigy täsinlikleri dünýä ýaýmaga esaslanýan maksady Türkmenistanyň syýasy strategiki ýörelgeleri bilen kybapdaşdyr. Hut şonuň üçin hem bu gurama bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek biziň döwletimiziň daşary syýasatynda ileri  tutulýan ugurlaryň birine öwrüldi.

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda bu guramanyň doly hukukly agzalygyna kabul edilip, 1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Türkmenistan bilen ÝUNESKO-nyň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak maksady bilen, häzirki wagtda ýurdumyzda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli topary hereket edýär.

Mälim bolşy ýaly, taraplaryň özara bähbitli, işjeň hyzmatdaşlygynyň geçen taryhy döwrüniň dowamynda köp sanly işler durmuşa geçirildi. Ilkinji nobatda, Türkmenistan 1994-nji ýylda bu guramanyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna, 2011-nji ýylda «Maddy däl medeni mirasy goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň başga-da 12 sany möhüm Konwensiýalaryna goşulmak bilen, hyzmatdaşlygyň halkara kadalaryny giňden goldaýandygyny doly subut edýär.

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynyň esasy maksady oňa goşulan täsin maddy ýa-da maddy däl medeni mirasymyzy, tebigy ýadygärliklerimizi goramakdan, ählitaraplaýyn öwrenmekden we dünýä ýaýmakdan ybaratdyr. ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasynyň çäklerinde Türkmenistandan ilkinji gezek bütindünýä ähmiýetli ýadygärlik hökmünde «Gadymy Merw» (1999ý.), «Köneürgenç» (2005ý.),  «Nusaýyň Parfiýa galalary» (2007ý.) döwlet medeni-taryhy ýadygärlikleri, ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna bolsa, «Görogly» şadessany (2015ý.), «Nowruz baýramy» (2016ý.), «Küştdepdi» (2017ý.) türkmen milli aýdym-tans sungaty, Türkmen milli halyçylyk sungaty (2019ý.) «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» (2021ý.) ýaly gaýtalanmajak gymmatlyklarymyz girizildi.

Baýram DOSNAZAROW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu