Žurnalistiň sahypasy

Çaga we saz terbiýesi

25-02-2023 / 28

Watana, il-güne bolan beýik söýgi maşgala terbiýesinden, has takygy, çaga edebinden, şeýle hem  oňa berilýän bilim-sowatdan başlanýar. Ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Biz — ilkinji bilim ojagy bolan çagalar baglarynyň terbiýeçileri hem körpelerimize döwrebap bilim we terbiýe bermek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýäris. Bize döredijilikli işlemek üçin ähli mümkinçilikler bar. 

Ösüp barýan ýaş nesillerimiziň ählitaraplaýyn sazlaşykly ösmeginde, olaryň aňyýetiniň ösüşinde, dünýägaraýşynyň giňelmeginde, watansöýüjilik, ynsanperwerlik duýgularynyň kämilleşmeginde aýdym-saz sungatynyň tutýan orny örän uludyr.  Çagalar baglarynda tans we aýdym-saz sapaklary üçin zallar, oýun meýdançalary, ýapyk binalarda we açyk howada sport bilen meşgullanmak üçin meýdançalar bar.

Häzirki zaman saz terbiýesi mekdep okuwçylarynyň saz sungatyna bolan isleglerini ýüze çykarmagy, olaryň saz işleriniň dürli görnüşlerine bolan gyzyklanmalaryny kämilleşdirmegi we saz-estetiki garaýyşlaryny kemala getirmegi öz öňünde baş wezipe edip goýýar.

Aýdym-saz sapagy sungat sapagy bolmak bilen, ony guramagyň
esasy şerti okuw sapaklaryna terbiýeçiniň-de, çagalaryň-da döredijilikli çemeleşmeklerinden ybaratdyr. Aýdym-saz sapagynda mugallymyň esasy maksady sapakda alnyp barylýan saz işleriniň dürli ugurlaryna laýyklykda, çagalary özbaşdak pikirlenmäge, olarda işjeňligiň kemala gelmegine ugrukdyrmakdan ybaratdyr.

Ösüp barýan ýaş nesle estetiki terbiýe bermek nazaryýetiniň esasynda dürli pedagogik usullaryň üsti bilen çagalaryň aňynda biziň daşymyzy gurşap alan durmuşa bolan estetiki garaýşy ýüze çykarmakdan, ony ösdürmekden ybaratdyr. Bu bolsa öz gezeginde çagalaryň ählitaraplaýyn ösüşiniň ýüze çykmagyna, onuň kämilleşmegine bellibir derejede kömek edýär. Aýdym-saz sapagyny häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda okatmagyň esasy ýörelgesi sapagy çagalaryň durmuş hem-de saz tejribeleriniň özara baglanyşygynyň hasabyna amala aşyrmakdyr.

Maýagözel ÝAZDURDYÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 7-nji çagalar bakja-bagynyň aýdym-saz ýolbaşçysy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu