Ýurdumyzyň bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän işler mugallymlaryň jogapkärçiligini has-da artdyrýar. Ýaş nesillere bilim-terbiýe bermek mukaddes hasaplanylýar.
Okamak, öwrenmek ähli hünärde zähmet çekýän adamlar üçin hem zerurdyr. Bu ylaýta-da ýaş nesilleriň arasynda bolýan, kitap bilen ömrüni, ykbalyny baglan mugallymlar üçin möhüm. Hut şu nukdaýnazardan hem orta mekdeplerde okadylýan sapaklaryň, geçilýän dersleriň bilim we terbiýe täsiriniň uludygygyny mugallymlar unutmaly däldir.
Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň bilim ulgamyny kämilleşdirmek barada edýän tagallalary hakda gürrüň etmek gyzykly hem ýakymly. Gazanylýan ösüş-özgerişler, milli bilim ulgamynyň batly gadamlary her bir mugallymyň özbaşdak pedagogik iş usulynyň gözbaşydyr. Biz mundan beýläk-de ösüp gelýän ýaş nesli terbiýelemekde hem-de olara döwrebap bilim bermekde ýadawsyz zähmet çekeris. Ýaşlaryň zähmetsöýer, watansöýüji bolup ýetişmekleri üçin yhlasymyzy gaýgyrmarys.
Halkymyzyň röwşen geljeginiň eýeleri bolan ýaş nesilleriň döwrebap bilimli, edepli ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman, ähli işleri rowaç bolsun!
Nurgözel HUDAÝBERENOWA,
Lebap welaýatyndaky 5-nji mekdep-internatynyň terbiýeçisi.