Žurnalistiň sahypasy

Ruhy gözelligiň mesgeni

24-02-2023 / 11

Ýaşlaryň medeniýetli, giň düşünjeli, ruhubelent bolup kemala gelmeklerinde  kitaphanalaryň, taryhy we ülkäni öwreniş muzeýleriň, teatrlaryň we medeni ojaklaryň hyzmaty uludyr. Diňe bir paýtagtymyzda däl, eýsem  welaýatlarymyzdaky we oba ýerlerindäki täze açylan muzeýlerimiz hem-de kitaphanlarymyz ýaşlaryň iň bir gelim-gidimli ýerine öwrüldi.

Danalar kitaplary bilimleriň çeşmesi hasaplaýarlar. Özünde  akyl-parasada ýugrulan kitaplar her bir ynsanyň ýakyn dostlary we ýol görkezijisidir. Ýaşlaryň edep-terbiýesine aýratyn üns berýän hormatly Prezidentimiz kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek bilen,  ýaş nesillerimiziň milli ruhy-ahlak gymmatlyklara sarpa goýmagyny gazanýar. Döwrüň ajaýyp keşbini açyp görkezýän terbiýeçilik ähmiýetli dürli mazmundaky kitaplaryň üstüniň  milli Liderimiziň dürdäne paýhasyndan döreýän ajaýyp eserler bilen ýetirilmegi ýaş nesiller üçin  bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynadyr.

Her bir halkyň geçmiş taryhyny  we şu günki bagtyýar durmuşyny öwrenmekde  muzeýlere uly iş degişlidir. Bu ýerde saklanýan  baý mazmundaky eksponatlar türkmen halkynyň geçmişde  meşhur bolan kesp-kärleri,  ýaşaýyş-durmuşlary barada  giňden gürrüň berýär. Ekerançylyk, maldarçylyk, ylym-bilim bilen meşgullanan ata-babalarymyzyň  örän  zähmetsöýer, işjanly bolandygyny bilmek isleseň, muzeýlerdäki dürli zähmet gurallaryny, golýazmalary synlaýmaly. Maldarçylykdan alynýan önümler  ösdürilip ýetişdirilýän baldan datly miweler we bakja ekinleri halkymyza şan getiripdir. Saryja goýnuň ýüňünden taýýarlanan nepis halylarymyz türkmen gelin-gyzlarynyň  sungat derejesine ýetiren  kesp-kärleriniň many-mazmunyny beýan edýär.

Türkmen halkynyň geçmiş durmuşyny suratlandyrýan baý eksponatlary özünde jemleýän muzeýlerimiziň,  ynsanyň iň ýakyn dosty we maslahatçysy bolan kitaplaryň öýi bolan  kitaphanalarymyzyň nesil terbiýesinde ähmiýeti diýseň uludyr. Diýarymyzyň bu medeni ojaklary ruhy gözelligiň mesgenidir.

Elmira ŞADMANOWA,
Lebap welaýatynyň Çärjew etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu