Žurnalistiň sahypasy

Sagdyn çagalyk — bagtly geljek

24-02-2023 / 8

Çagalarymyzyň zähmetsöýer, maksada okgunly bolup ýetişmegini gazanmak hem özümize baglydyr. Bilegiňe güýç berip, ýüzüňe nur çaýýanam, süňňüňi taplap, sagdyn edýänem zähmetdir. Çagalar, ýaşlar Watan öňündäki perzentlik borçlaryny halal zähmetleri, yhlaslary bilen ödemelidir.

Ýurdumyzda çagalaryň geljegi ählitaraplaýyn goralýar we goldanylýar. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmegi hem muňa aýdyň jogapdyr. Häzirki wagta çenli haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna Diýarymyzyň dürli künjeklerinden bolan çagalara degişli bejergileri geçirmek babatda çözgütler kabul edilip, haýyr-sogaply işleriň başga-da ençemesi durmuşa geçirildi. Gaznanyň serişdeleriniň hasabyna ýurdumyzyň welaýatlarynyň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin täze, döwrebap «Tiz kömek» awtoulaglarynyň peşgeş berilmegi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. 

Ýurdumyzda çagalaryň hukuklarynyň berjaý edilişini düzgünleşdirýän döwrebap hukuk binýadynyň bardygyny aýratyn bellemek bolar. Şeýle kanunlaryň hataryna Türkmenistanyň Zähmet kodeksini, Maşgala kodeksini, Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksini, şeýle-de «Bilim hakynda», «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çagalaryň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi wagyz etmek we goldamak hakynda», «Hossarlyk we howandarlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlaryny görkezmek bolar.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde nesil terbiýesine berilýän üns örän ýokary. Danalaryň belleýşi ýaly: «Edep bir miweli daragtdyr. Onuň suwy we idegi ýeterlik bolmasa, onda ol miwe bermez. Çaga, köplenç, enedir atasyndan görelde alýandyr. Şonuň üçin çagalaryňyza ýagşy görelde görkeziň».

Mähriban ATAJANOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçisi.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu