Žurnalistiň sahypasy

Topraga togabym bar

22-02-2023 / 7

Häzirki wagtda halk hojalygynyň ähli pudaklary bilen bir hatarda, oba hojalygyny ösdürmek meseleleri Döwletimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Oba-senagat toplumyny düýpli özgertmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin bu pudaga ägirt uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär. Munuň özi Diýarymyzyň ähli sebitleriniň ýokary depginlerde ösdürilmegine, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine, ykdysady abadançylygyň we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam berýär.

Oba hojalygy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup durýar. Pudagy ösdürmek döwlet syýasatynda strategik wezipeleriň biri hökmünde kesgitlenildi. Şu jähetden, ýurdumyzda obasenagat toplumyny döwrebap özgertmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Oba hojalyk pudagyny ýokary depginler bilen ösdürmek, ýer we suw serişdelerini netijeli peýdalanmak, oba hojalygyna hususy önüm öndürijileri giňden çekmek hem-de önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek boýunça özgertmeler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Bu pudaga dünýäniň öňdebaryjy tejribelerini we döwrebap usullaryny ornaşdyrmak üçin gönükdirilýän serişdeler hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda edermen babadaýhanlara döwlet tarapyndan ählitaraplaýyn goldawlar berilýär. Pudagyň tehniki binýady döwrebaplaşdyrylyp, sanly ulgamyň mümkinçilikleri we iň kämil innowasion tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirmekde, olary çalt we ýitgisiz ýygnap almakda daşary ýurtlardan ösen oba hojalyk tehnikalary yzygiderli satyn alynýar, daýhanlar ýokary hilli tohumlar we mineral dökünler bilen üpjün edilýär.

Ahmet TAGANOW,
TOHI-niň Ýer gurluşygy we kadastry hünäriniň 3-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu