Ýakynda Mary şäherindäki 50-nji çagalar bakja-bagynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda “Iň gowy çagalar bagy” atly bäsleşigiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa etrap, şäher tapgyrlarda saýlanan çagalar baglarynyň onlarçasy gatnaşdy.
Mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maddy-binýat, okuw-terbiýeçilik, usulyýet-guramaçylyk, hojalyk we iýmit, bezeg-abadanlaşdyryş, resminama-dolandyryş babatda alyp barýan işlerini kämilleşdirmek, olary döwlet syýasatyna laýyklykda üstünlikli alyp barmaga höweslendirmek, öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek we ähli babatda tapawutlanýan çagalar bagyny ýüze çykarmak maksady bilen guralýan bu bäsleşigi geçirmek indi birnäçe ýyllardan bäri asylly däbe öwrüldi.
Bu bäsleşigiň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky welaýat derejesinde guralan tapgyry hem baý mazmunly we guramaçylykly häsiýete eýe bolup, öňdebaryjy çagalar baglarynyň birnäçesini ýüze çykardy. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýolbaşçylary ähli babatdaky işlerini, ýagny okuw meýilnamasyna laýyklykda sapaklaň guralyşy, binanyň abadançylygy, otaglaryň, topar otaglarynyň bezeg işleriniň döwrebaplygy, maddy we ruhy baýlyklarymyzyň bezeglerde şöhlelenişi, içki gözegçiligiň ýola goýluşy we onuň netijeliligi, iş resminamalaryň ýöredilişi, usuly işleriň mazmuny we görnüşleri, olaryň netijeliligi, bilim işgärleriniň gazanan netijeleri, işjeňligi, köpçülikleýin we jemgyýetçilik işlerine gatnaşygy, körpeleriň bilim derejeleri, saglygy we üstünlikleri, ata-eneler we jemgyýetçilik guramalary bilen gatnaşyklary, abadanlaşdyryş hili, ýyladyş ulgamynyň ýagdaýy, ýagtylygy we arassalygy we başga-da birnäçe aýratynlyklary boýunça ýörite taýýarlanylan wideo ýazgylaryň, şekilli görnüşleriň, fotosuratlaryň, sanly görkezme serişdeleriň, resminamalaryň we gazanan üstünlikleriniň üsti bilen açyp görkezdiler. Halypa pedagoglardan, tejribeli hünärmenlerden düzülen emin agzalary degişli düzgünnama esasynda gatnaşyjylaryň ähli aýratynlyklary, şol sanda döwlet maksatnamalaryndan, meýilnamalaryndan, hukuk namalaryndan, milli bilim syýasatyny ösdürmek ugurly resminamalardan gelip çykýan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilişi bilen içgin tanyşdylar. Bu ýerde görkezilen serişdeleriň, edilen çykyşlaryň, täzelikleriň emin agzalarynyň bäsleşige gatnaşýan çagalar baglaryna baryp, tassyklanan tertip boýunça ýerinde öwrenilen maglumatlar we olaryň bahalandyrylyşy bilen hem üsti ýetirildi.
Şeýlelikde, “Iň gowy çagalar bagy” atly bäsleşigiň Mary welaýaty boýunça tapgyrynda Baýramaly şäherindäki 22-nji çagalar bakja-bagy Baş baýraga mynasyp bolup, bäsleşigiň döwlet tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy.
Baýramçylyk ruhubelentligi bilen gurşalan bu bäsleşige gatnaşyp üstünliklerini görkezen we ýeňiji bolan çagalar baglary Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim-terbiýeçilik edaralarynyň alyp barýan işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berýän Arkadagly Serdarymyza, bagtyýar nesilleriň röwşen ertirleri ugrunda ajaýyp başlangyçlary ýola goýan Gahryman Arkadagymyza aýdylan arzyly alkyşlar bolsa bilim has-da belentden ýaňlandy.
Selbi DURDYMYRADOWA,
Mary şäherindäki 50-nji çagalar bakja-bagynyň II derejeli terbiýeçisi.