Türkmen halkynyň terbiýe ýolunyň gözbaşynyň arassa ahlak sypatlaryna esaslanýandygy mälimdir. Ata-babalarymyzyň, parasatly pederlerimiziň ýaş nesle edep-terbiýe bermek kadasyna inçelik bilen çemeleşendigine-de göz ýetirýäris.
Paýhasly pederlerimiz öz perzentlerini süňňi halal, päk ahlakly, ynsaply, adamkärçilikli, işeňňir, edep-ekramly, ar-namysly, watansöýüji ynsanlar edip terbiýeläp ýetişdirmek üçin ellerinden gelenini gaýgyrmandyrlar.
Häzirki wagtda ýurdumyzda bilim ulgamyna aýratyn üns berilmegi ýaş nesliň diňe bir bilim derejesiniň däl, eýsem edep-terbiýesiniň hem kämilleşmegine düýpli täsir edýär. Bilşimiz ýaly, ylym-bilim hem adamy terbiýeleýär, taplaýar. Bilimli adamyň düşünjesi, dünýägaraýşy giň bolýar. Häzirki döwürde bilim-terbiýeçilik işleriniňmazmunynyň kämilleşdirilmegi babatda döwlet tarapyndanmaksatnamalaýyn işler alnyp barylýar. Bilim ulgamynyň dürli basgançaklarynda bilim-terbiýeçilik işlerini alyp barmak babatda usuly täzelikler, dünýä ylmynyň gazananlary durmuşa ornaşdyrylýar. Ösen şahsyýeti kemala getirmekde bilim-terbiýeçilik işleri türkmen halkynyň ahlak ýol-ýörelgelerine, milli däp-dessurlaryna, şeýle hem halkmugallymçylyk taglymatlaryna daýanýar.
Türkmen halkynyň edebi ýadygärliklerine ser salanyňda, olaryň kitap okamak, ylym öwrenmek babatda asyrlaryň dowamynda kemala gelen asylly däpleriniň barlygyna göz ýetirmek bolýar. Kitap okamak, ylym öwrenmek ynsanyň diňe bir dünýägaraýşyny giňeltmek, bilimini artdyrmak bilen çäklenmän, ynsan kalbyny ýyladýar, durmuşyny ýagtyldýar.
Türkmen edebiýatynyň halk döredijilik eserlerinde-de, nusgawy edebiýatyň görnükli wekilleriniň döredijiliginde-de Watany söýmek, mertlik, gaýratlylyk, arassa ahlaklylyk, işeňňirlik barada öwüt-nesihat häsiýetli eserleriň köpdügi bize mälimdir. Şunuň özem türkmen halkynyň edep-terbiýe meselesini durmuşyň iň bir wajyp zerurlygy hasaplandygyna güwä geçýär.
Meýlis ÇERKEZOW,
Halaç etrabynyň bilim bölüminiň ykdysatçysy, ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy.