Žurnalistiň sahypasy

Göreldeli bilim işgärleriniň bäsleşigi

21-02-2023 / 13

Ýakynda Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda “Iň göreldeli çagalar bagynyň müdiri” we “Iň göreldeli çagalar bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi” bäsleşikleriniň welaýat tapgyry geçirildi. Ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen bu bäsleşige etrap we etrap hukukly şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan bilim işgärleri, ýagny mekdebe çenli çagalar edaralarynyň tapawutlanan müdirleri, terbiýeçi-usulyýetçiler gatnaşdy.

Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, aýry-aýrylykda bäsleşige gatnaşyjylar öz çagalar baglarynyň ählitaraplaýyn işini wideo ýazgylaryň üsti  bilen tanyşdyrdylar, çagalar bagynyň işine ýolbaşçylyk etmekde we guramakda, kämilleşdirmekde esas bolýan kanunçylyk resminamalar, düzgünnamalar, ugrukdyryjy gözükdirmeler we olary işinde peýdalanyşlary barada gürrüň berdiler, okuw terbiýeçilik işleriniň guralyşy, olara usuly taýdan kämilleşdirilişi boýunça degişli serişdeleri,  okuw-terbiýeçilik işiniň hilini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly şahsy tejribeleri barada çykyş edip, taýýarlan taslamalaryny görkezip, onuň aýratynlyklaryny beýan etdiler, öz wezipe borçlaryna laýyklykda, syýasy we usuly taýdan taýýarlygyna degişli sowallara jogap berdiler. Şeýle-de emin agzalar bäsleşigiň her ugry boýunça tassyklanylan düzgünnama esasynda müdirleriň we terbiýeçi-usulyýetçileriň her biriniň çagalar bagynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik, ylmy-usulyýet, abadanlaşdyryş, bezeg işleri, körpeleriň hemmetaraplaýyn sazlaşykly bilim-terbiýe almaklary üçin döredilýän mümkinçilikler, çagalarda watansöýüjilik duýgusynyň ösdürilişi, iş resminamalaryň ýöredilişi, içki gözegçiligiň ýola goýluşy, gazanylan üstünlikler, bilim işgärleriniň toplan tejribesi, ata-eneler, jemgyýetçilik guramalar we mekdep bilen bagly alnyp barylýan bilelikdäki işler, döwlet maksatnamalarynyň we ýyllyk meýilnamalarynyň ýerine ýetirilişi bilen jikme-jik tanyşdylar.

Bäsleşigiň ýokary derejede, baý mazmunda geçirilmegi oňa gatnaşyjylaryň ykjam taýýarlykly gelendiklerini görkezdi. Şu bäsleşikleriň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyndaky möwsüminde ussat hünärmenlerden, halypa pedagoglardan düzülen emin agzalar toparynyň gelen netijelerine görä, çagalar baglarynyň müdirleriniň arasyndaky bäsleşik boýunça Baş baýraga Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri Ženet Dawronowa mynasyp boldy. Terbiýeçi-usulyýetçileriň arasyndaky bäsleşikde bolsa Wekilbazar etrabyndaky 12-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi Güljemile Hudaýberdiýewa Baş baýraga eýe boldy. Ýeňijiler, öňdäki orunlara eýe bolanlar we tapawutlanan bilim işgärleri Diplomlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandy.

Bäsleşikleriň düzgünlerine  laýyklykda, her ugur boýunça esasy baýraga mynasyp bolan bilim işgäri döwlet derejesinde geçiriljek tapgyra gatnaşmaga hukuk gazanýar. Şoňa görä-de biz hem ýeňiji bolan kärdeşlerimizi tüýs ýürekden gutlap, olara mundan beýläk hem uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýeçilik ulgamynyň kämilleşdirilmegi, bilim-terbiýeçilik işgärleriniň hünär taýdan tejribeleriniň artdyrylmagy ugrunda uly mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimize hem-de halypalyk mekdebi bilen ajaýyp nusga görkezýän Milli Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Gülşat ORAZOWA,
Mary şäherindäki 12-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu