Žurnalistiň sahypasy

Ussat — agaç, şägirt — kölegesi

21-02-2023 / 13

Ýurdumyzda ýaş nesliň ýokary bilimli, kämil dünýägaraýyşly bolmagyny gazanmak, Watan söýgüsiniň belentliginde durmuşa çynlakaý çemeleşýän ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek, halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmek ugrunda netijeli işler alnyp barylýar.

Her bir tutumda halypa-şägirtlik mekdebi eriş-argaç bolup geçýär. Ata-babalarymyzyň ýörelge mekdebine uly hormat goýýan Gahryman Arkadagymyzyň “Ile döwlet geler bolsa..” atly ajaýyp kitabynyň 4-nji baby hem “Halypa-şägirtlik däpleri” diýip atlandyrylýar. Gahryman Arkadagymyz: “Perzende söz edebini, hereket edebini, kalp edebini öwretmek, ilkinji nobatda, ene-atanyň borjy bolup durýar” diýip bellemek bilen, ene-atanyň ilkinji görelde we maşgala mekdebini kemala getirýändigini nygtaýar.

Halkymyzyň arasynda: “Ussat – nagyşdyr, şägirt bolsa nagyş öwrenijidir”, “Ussat – agaçdyr, şägirt bolsa onuň kölegesidir. Egri ösen agajyň dogry kölegesi bolmaz” diýilýär. Halyp-şägirtlik ýoly babatda Muhammet Gazaly “Ylym hakynda” kitabynda: “Mugallymda üç häsiýet jemlense, kämillige ýeter: ylym öwretmäge sabyrlylyk, pespällik, gözel ahlak. Talypda üç häsiýet jemlense, kämillige ýetişer: akyl, edep, düşbülik” diýip ýazypdyr.

Ylymly-bilimli, sagdyn bedenli, sagdyn ruhly ýaşlar döwletimiziň kuwwatly güýjüdir, bagtyýar geljegidir. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň şahsy göreldesi biz üçin bahasyz ýol-ýörelgedir. Arkadagly Serdarymyzyň: “Men ýurdumyzyň ýaşlarynyň ene-ata we il-ýurt öňündäki mukaddes borjuny berjaý edip, mynasyp adamlar bolup ýetişjekdiklerine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda jan aýaman zähmet çekjekdiklerine pugta ynanýaryn” diýen belent ynamyna jogap edip, yhlasly hem döredijilikli zähmetimiz bilen ata Watanymyzyň ösüşine mynasyp goşandymyzy goşarys.

Halypa-şägirtlik mekdebini has hem ösdürip, kämilleşdirip, türkmen halkymyzy baky bagtyýarlyga besleýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Tursyntaş ERGAŞOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu