Žurnalistiň sahypasy

Ýaş maşgalalara döwlet goldawy berilýär

21-02-2023 / 11

Maşgala — bu jemgyýetiň durnuklylygyny, ykdysady we ruhy ösüşini aýgytly derejede kesgitleýän döwletiň düzüm bölegi bolup,  jemgyýetiň özeni hasaplanýar. Ynsanyň ruhubelent, sagdyn bolmagy maşgala abadançylygy bilen baglanyşyklydyr. Watanymyzyň mynasyp nesillerini terbiýeläp ýetişdirmekde maşgalanyň tutýan orny möhümdir.

Eziz Diýarymyzda ýaş maşgalalar döwlet tarapyndan alada bilen gurşalýar. Ýurdumyzda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, şeýle-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna  laýyklykda, hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaş maşgalalaryň ýaşaýyş–durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak hakynda» Karara gol çekmegi munuň subutnamasydyr. Resminama laýyklykda, resmi taýdan nikalaşyp, durmuş guran ýaş maşgalalara zerur bolan öý goşlaryny we hojalyk harytlaryny satyn almak üçin girew goýmazdan, zamunlyk esasynda ýyllyk 1 göterim bilen 3 ýyl möhlete berilýän karzyň möçberini 20 müň manada çenli ýokarlandyrmak bellenildi.

Bilşimiz ýaly, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Täze kanun ýaşlar barada döwlet syýasatynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýörelgelerini we esasy ugurlaryny kesgitleýär, şeýle hem ýaşlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üpjün edilmeginde hem-de olaryň kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmeginde döwlet goldawynyň ýokarlandyrylmagyna gönükdirilendir.

Laçyn AKYÝEWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni,
TKA-nyň Türkmenabat şäher birleşmesiniň ilkinji guramasynyň başlygy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu