Žurnalistiň sahypasy

Küştdepdi – halk tansy

17-02-2023 / 26

Dünýäniň medeni ösüşine goşant bolan milli gymmatlyklarymyz bu gün umumadamzat gymmatlygyna öwrülýär. «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyndan orun tapmagy munuň subutnamasydyr.

Küştdepdi — ýaşlyk joşgunynyň, owadanlygyň, çalt we çeýe hereketiň tansy. Şonuň üçin hem ol köplenç ýaşlar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Küştdepdi tansynyň döreýiş gözbaşlary müňýyllyklaryň jümmüşine siňip gidýär. Muny taryhy-arheologik gözlegleriň netijesinde ýüze çykarylan gymmatlyklar, taryhy ýazgylar hem doly tassyklaýar. Mysal üçin, antik döwre degişli Köne Nusaý galasyndan ýüze çykarylan badalarda döwre gurap, el çarpyp tans edýän şahandazlaryň keşpleri şekillendirilipdir.

Adatça, küştdepdi ýerine ýetirilende, ýaş oglan-gyzlar, hatda orta ýaşly adamlar hem goşulyşyp, döwre guraýarlar. Tansyň başyny obada belli tansçy we gazalçy oglan bilen gyz başlaýar. Töwerekdäkiler bolsa olaryň tansyna tomaşa edip, el çarpyşyp goldaýarlar. Gazalyň her bendiniň soňunda “eýha-eý, uhhu, uhhu, küşt-küşt” diýip ýeri depip, elleri bilen bolsa her dürli tans hereketlerine ýerine ýetirýärler. Şerte görä, tans edilende tansçylaryň elleri biri-birine degmeli däldir. Käwagtlarda märekäniň ortasyna jübüt erkek we aýal hem çykyp tans edýärler.

Tansçylaryň ellerini giňden gerip, ýokary uzadyp tegelege görä hereket etmegi, Gün ulgamynyň saýýarlarynyň (planetalarynyň) aýlanyp durşuny, bir öwrümden soň aýaklaryny ýere urup, “küşt, küşt, küşt” diýip sazlaşykly tans etmegi bolsa her ýylyň Nowruz günlerinde täze ýylyň başlanýandygyny aňladýar.

Häzirki döwrüň küştdepdi tansynyň hem-de onuň gazalynyň many-mazmunynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri, uly joşgun bilen wasp edilýär. Häzirki wagtda täze döwrebap öwüşgine eýe bolan hem-de toý-dabaralarymyzyň bezegine öwrülen küştdepdiniň gazallaryny diňläp, tansyna tomaşa edeniňde, göwün guşuň ganatlanyp, kalbyň heýjana gelýär.

Nilufar BABAÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu