
Gyşyň aňzagynyň kem-kem sabaşyp, howa şertleriniň kadalaşyp başlamagy bilen, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň gerimi-de artdy. Hormatly Prezidentimiziň sanly ulgam arkaly geçirýän iş maslahatlarynda öňde goýýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek, ekerançylyk meýdanlaryny gowaça ekişine taýýarlamak bilen baglylykda, ýerlerde agrotehniki çäreler geçirilip, bu ugurda ýokary netijeler gazanylýar.
Tehniki hyzmat ediş kärhanalaryndaky kuwwatly tehnikalaryň güýji bilen ýerleri kada laýyk çuňlukda sürmek, endigan tekizlemek işleri depginli alnyp barylýar. Häzirki wagtda sürüm traktorlarynyň ençemesi işledilýär. Agrotehniki çäreleriň göwnejaý geçirilmegi gowaçanyň kadaly gögerişiniň we hasyllylygynyň esasy şertleriniň biri hasaplanýar. Şu günler gowaça ekiljek ýerlere ýuwuş suwuny tutmak işleri hem alnyp barylýar.
Pagtaçylar ýeriň hasyllylygyny artdyrmak üçin meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işlerini göwnejaý geçirip, ekişe bellenen möhletde girişmegi maksat edinýärler. Bu işleriň takyk usulda alnyp barylmagy üpjün edilip, kadaly gögeriş gazanmak arkaly, gowaçalara ideg işleri agrotehniki talaplara laýyklykda ýola goýlar. Şundan ugur alyp, etrabyň pagtaçy kärendeçileri ýaz ekişine görülýän taýýarlyk işleriniň depginini günsaýyn güýçlendirýärler.
Şu ýyl suwdan tygşytly peýdalanmak, suwaryşyň dürli ölçegdäki geçirijiler arkaly hem-de damjalaýyn usullaryny ulanmak babatda degişli işler utgaşykly alnyp baryldy. Şeýle çäreler ýuwuş suwuny tutmak işleriniň depginini ýokarlandyrmaga ýardam edýär.
Häzirki günlerde ýer eýeleri hem-de degişli edara-kärhanalaryň hünärmenleri iş üstünde bolup, tehnikalary, oba hojalyk gurallaryny ekişe taýýarlamak, ekişi gysga möhletlerde hem-de ýokary hilli geçirmek boýunça zerur işler alyp barýarlar. Zähmet düzgün-nyzamynyň gyşarnyksyz berjaý edilmegi işiň depgininiň ýokarlanmagyna şert döredýär.
Batyrguly ÖWLÝAGULYÝEW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Halaç etrap komitetiniň başlygy.