Žurnalistiň sahypasy

Kämil okuw-terbiýeçilik işi – bagtyýar nesilleriň geljegi

15-02-2023 / 21

Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. Döwletimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzda gurlup ulanylmaga berilýän mekdebe çenli çagalar edaralary, olarda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleri munuň aýdyň subutnamasydyr.

Biz hem bilim ulgamynyň mekdebe çenli çagalar edarasynda zähmet çekýän bilim işgärleri hökmünde şeýle ajaýyp mümkinçiliklere tüýs ýürekden buýsanýarys. Bilşimiz ýaly, Garaşsyz Türkmenistanyň ýagty geljeginiň eýeleri bolan körpe nesillere sowat öwretmekde, milli ýörelgelere laýyk terbiýe bermekde, aň we beden taýdan sagdyn ösdürmekde mekdebe çenli çagalar edaralarynyň ýokary ähmiýeti bar. Bu ýerde körpeleriň ýaş aýratynlyklaryna görä toparlarda çagalaryň irki ösüşinden başlap, aň ösüşi hem-de terbiýe ulgamy sazlaşykly alnyp barylýar. Okuw-usulyýet işleriniň göwnejaý guralmagy, sanly bilim ulgamynyň mümkinçiliklerinden giň gerimde peýdalanylmagy netijesinde ýaş nesilleriň kämil sowady hem mekdebe taýýarlygy gazanylýar.

Çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň ähli taraplaýyn zehin-ukybyny, başarnygyny ýüze çykarmak bilen olarda tebigata, zähmete, daşky-gurşawa söýgi döredilýär. Ýerine ýetirilýän meýilnamalaýyn hem-de guramaçylykly wezipeler ýaş nesilleriň ähtaraplaýyn sazlaşykly ösmegine, döwletli döwrümize mynasyp şahsyýetler bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

Il-ýurduna, mähriban Watanyna wepaly perzentleri ýetişdirmek biziň baş maksadymyzdyr. Çünki halal, edep-terbiýeli, akyl-paýhasly, sagdyn garaýyşly, zähmetsöýer, merdana nesiller ýurdumyzyň ýüzüdir, ene-atalaryň yhlasynyň, şeýle-de ähli bilim-terbiýeçilik işgärleriniň çeken zähmetiniň miwesidir.

Jahan KULMURADOWA,
Daşoguz şäheriniň 35-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, müdiriň wezipesini ýerine ýetiriji.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu