Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň barha dabaralanýandygy biz — ýaşlara ruhy güýç bagyşlaýar, göwünlerimize ganat, ömrümize zynat berýär.
Ýaşlyk ýyllarymyzyň, bagtyýar talyplygymyzyň şeýle arzyly eýýamyň rowaçlygy bilen ulaşmagy tutuş ykbalymyza ýalkymyny salýar. Ýaşlygyň güýji, ýakymy, joşguny bilen döwrümiziň täze galkynyşly ruhy sazlaşyp, bizde geljege bolan ajaýyp garaýyşlary emele getirýär. Türkmen ýaşlaryna döwletimiziň döredip berýän mümkinçilikleri, goldawlary bizi has netijeli okamaga, hünär öwrenmäge we işlemäge höweslendirýär.
Uly buýsanç bilen bellesek, üstümizdäki ýylyň hem “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly” diýlip atlandyrylmagy ýaşlara bildirilýän uly ynamyň nyşanyna öwrüldi. Ýurdumyzyň ösüşlerinde we milli jemgyýetimizde türkmen ýaşlarynyň eýeleýän ornunyň berkemeginde we olaryň kämil ösmeginde bu ýylyň ähmiýeti diýseň ýokary bolar. Şeýle döwletli döwrüň, kämil ösüşiň altyn sahypasynyň ýazylýan zamanasynda biz — ýaşlara bildirilýän şeýle mukaddes ynamy haklamak ugrunda bize hem diňe netijeli okamak, yhlasly hünär öwrenmek we saýlap alan kärimiziň hakyky eýeleri bolmak galýar. Şeýlelikde, biz geljekde ata Watanymyzyň okgunly ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşmagy başarýan adamlar hökmünde il-halkymyzyň guwanjyny has-da goşalandyrarys.
Biz — ýaşlara şeýle eşretli eýýamda ösmäge hem öwrenmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyza, watançylygyň belent nusgasyny görkezip, parasatly sargytlary bilen durmuşymyza many berýän Milli Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Gülnar DURBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.