Žurnalistiň sahypasy

Ýaşlar — döwletiň güýji

14-02-2023 / 10

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi jemgyýetimiziň işjeň bölegi bolan ýaşlara bildirilýän belent ynamdan aýdyň nyşandyr.

Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Möhüm syýasy waka hökmünde şanly ýylymyzyň taryhynda, aňymyzda orun alan nobatdaky ýaşlar forumynda garalan meselelerdir kabul edilen çözgütleriň ählisi-de günüden-göni ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir. 

Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baý mazmunly sahypalaryň biri boldy. Geçen ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.

Biz — bagtyýar ýaşlar bilimlerimizi kämilleşdirip, bildirilýän belent ynamy ödemek ugrunda yhlasly we netijeli zähmet çekjekdigimize tüýs ýürekden ynandyrýarys.

Aýbölek AMANGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy fakultetiniň V ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu