Žurnalistiň sahypasy

Gündogaryň söz ussady

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

12-02-2023 / 4

Türkmen topragy Zemini haýrana goýan beýik söz ussatlarynyň, kämil şahsyýetleriň kemala gelýän mekanydyr. Türkmeniň paýhasly Magtymgulysy hem  şu topragyň adyny arşa göteren beýik danadyr. Ady dünýä edebiýatynda görnükli ýer alan, türkmen söz sungatynyň hem ylmynyň genji-hazynasyna ägirt uly goşant goşan Magtymguly eýýamlaryň şahyrydyr.

Bu günki günde şahyryň nusgawy eserleri gymmatly miras hökmünde aýawly saklanýar we ürç edip okalýar. Onda durmuş mekdebi, kämil dünýägaraýyş we ýagty geljek, abadan ýaşaýyş hakyndaky arzuwlar jemlenýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şygryýetiniň öçmez ýyldyzy Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna we kämil eserlerine goýulýan hormat hem barha dabaralanýar. Magtymguly atamyzyň adynyň ebedileşdirilmegi, onuň döredijiliginiň dünýäde wagyz edilmegi her bir türkmen raýatyny buýsandyrýar.

Jeýhun bilen bahry Hazar arasy,
Çöl üstünden öwser ýeli türkmeniň.
Gül gunçasy-gara gözüm garasy,
Gara dagdan iner sili türkmeniň…

— diýip, öz halkynyň tebigatyny, onuň gözellikleriniň gözüniň görejine deňän Magtymguly Pyragynyň her bir goşgusy nesiller üçin watansöýüjiligiň hem ajaýyp nusgasydyr.

Şahyryň edebi döredijiliginde öňe sürülýän pikirlerde millilik, milli mertebelilik bar. Şeýle hem ajaýyp filosofiýa, ylmy maglumatlar hem beýan edilýär. Munuň özi Döwletmämmet Azadynyň ogly ussat Magtymgulynyň hem köptaraply zehininden, ylahy ylhamyndan aýdyň alamatdyr.

Ýurdumyzda 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilmegine taýýarlyk görülýändigini hem uly buýsanç bilen agzamak bolar. Munuň özi şahyra goýulýan uly hormatyň nyşanydyr. Gojaman Köpetdagyň belent gerşinde Magtymguly Pyragynyň ägirt uly ýadygärliginiň bina edilmegi bolsa onuň şöhrat-şanynyň ýene-de belentliklere göterilýändigini alamatlandyrýar.

Şahyryň eserleriniň dünýä halkary tarapyndan hem söýlüp okalýandygy, onuň kitaplarynyň daşary ýurt dillerinde terjime edilýändigi hem bellenilmäge mynasypdyr. Munuň türkmen akyldarynyň umumadamzat durmuşyna aň-paýhas taýdan ýiti täsirini ýetirýän ajaýyp eserleri döredendigini görkezýär.

Taryhy ösüşleriň dowam edýän döwründe şeýle ajaýyp işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimize, ady kalplarda orun alan şahsyýetlerimizi sarpalamagyň nusgasyny görkezýän Milli Liderimize egsilmez alkyşlar aýdýarys.

Merjen BAÝRAMGULYÝEWA,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu