
Mälim bolşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Azerbaýjan Respublikasynda saparda boldy. Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjana saparynyň ilkinji gününde “Sea Breeze” dynç alyş toplumyna hem baryp gördi.
Bu ýerde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew we “Sea Breeze” toplumynyň esaslandyryjysy Emin Agalarow mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.