
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewanyň Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde duşuşygy boldy.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilen Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň arasynda degişli Ylalaşyga gol çekildi.
Duşuşygyň barşynda lukman Arkadagyň başlangyjy esasynda ýurtda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 30 ýyllygy hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 4 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň ähmiýetine üns berildi. Şeýle-de gaznanyň amala aşyrýan ynsanperwer işleriniň ýaş nesilleriň saglygynyň berkidilmegine we näsag çagalara degişli operasiýalaryň, sagaldyş-dikeldiş işleriniň geçirilmegine gönükdirilýändigi bellenildi.