HabarlarKanunçylykSlider

Türkmenistanyň Prezidenti iş kesilen 247 raýatyň günäsini geçdi

Türkmenistan

26-07-2025 / 66

Hormatly Prezidentimiz sanly ulgam arkaly nobatdaky Hökümet mejlisini geçirdi. Döwlet Baştutanymyz Hökümet agzalaryna ýüzlenip, «hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlaryň günäsini geçýäris»diýip belledi.

Soňra Hormatly Prezidentimiz Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Raýatlyk we günä geçmek meseleleri boýunça teklipleri taýýarlamak baradaky toparyň başlygy B.Gündogdyýewe söz berdi.

B.Gündogdyýew jenaýat edendikleri üçin iş kesilen raýatlaryň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek boýunça degişli toparyň geçiren işleri barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti hasabaty diňläp, iş kesilen 247 raýatyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli günäsini geçmek baradaky Permana gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz günäsi geçilen adamlaryň tussaglykdan boşadylyp, ýakyn wagtda öz öýlerine, maşgala agzalarynyň arasyna barmaklary üçin, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýewe hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary bilen bilelikde ähli zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz günäsi geçilen adamlara yhlasly zähmet çekip, Watana ak ýürekden hyzmat edip, halal zähmetiň hözirini görüp ýaşamaklaryny arzuw etdi.

Ünsüňizi çekip biler

Başa dön tuşu