Agzybir halkymyz, şol sanda mähriban ýaşlarymyz hem ýurdumyzyň syýasy durnuklylygyny, okgunly öňe gitmegini, ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Ýaşlaryň ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, medeni durmuşyna işjeň gatnaşmagyna, ylymly, bilimli nesiller hökmünde kemala gelmegine döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki döwürde syýasy taýdan sowatly, beden we ruhy taýdan sagdyn, öz jogapkärçiligini duýýan, taryhyna we milli gymmatlyklaryna sarpa goýýan, zähmetsöýer, ýaramaz endikleri bolmadyk, hakyky watançy nesilleri terbiýelemek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň birine öwrüldi.
Üstünliklere beslenen «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyz hem türkmen ýaşlarynyň durmuşynda baý mazmunly sahypalaryň biri boldy. Geçen ýylda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň geçirilmegi, bu gurultaýyň dowamynda ýurdumyzyň ýaşlaryna uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň taryhy çykyş etmegi, «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekmegi we ýaşlar bilen bagly ähli meselelerde öňde durýan wezipeleri kesgitläp bermegi türkmen halkynyň ýagty geljegi üçin ädilen ýene bir möhüm ädim boldy.
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň 28-nji ýanwarda geçirilen VIII gurultaýy hem ýaş nesillerimiz üçin täze mümkinçilikleri açdy. Gurultaýda garalan meseleleriň hatarynda ýaşlaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmak, döwrebap bilim almagyny üpjün etmek, olary watansöýüjiligiň we ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelemek ýaly möhüm wezipeleriň bolmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan döwlet ýaşlar syýasatynyň giň gerime eýedigini tassyklaýar.
Juwan kalba ganat berýän şeýle beýik ynamy, hormat-sarpany mundan beýläk-de ödemek üçin ýurdumyzyň ýaşlary nobatdaky gurultaýda Ýaşlar guramasy tarapyndan amala aşyrylmaly işleriň meýilnamasyny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de guramanyň Tertipnamasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizdiler. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine esaslanýan bu çözgütler biz — ýaşlaryň jemgyýetçilik durmuşymyzda eýeleýän mynasyp ornumyzy has-da giňeldip, maksatnamalaýyn tutumlardaky işjeňligimizi has-da artdyrar. Munuň özi biziň çekýän döredijilikli, netijeli zähmetimizde, gazanýan üstünliklerimizde mynasyp beýanyny tapmalydyr.
Gülzar BEKMURADOWA,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Hojambaz etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.