Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň nobatdaky ýylynyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagy ýaş nesliň kalbynda egsilmez joşguny döretdi.
Döwlet derejesinde bildirilýän şeýle beýik ynamyň ýaşlara eçilen egsilmez joşgunyny, ruhubelentligini Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň nurana günlerinde ýokary guramaçylykda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VIII gurultaýy ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.
Ýaşlary halkymyzyň dünýä nusgalyk ynsanperwer, ahlak ýörelgeleriniň esasynda watansöýüjilik ruhunda, şöhratly pederlerimiziň wesýetlerine laýyk derejede terbiýelemek täze taryhy eýýamda döwletimiziň we jemgyýetimiziň hemişe üns merkezinde saklanylýar. Möhüm syýasy waka hökmünde şanly ýylymyzyň taryhynda, aňymyzda orun alan nobatdaky ýaşlar forumynda garalan meselelerdir kabul edilen çözgütleriň ählisi-de günüden-göni ýaşlaryň bagtyýarlygyny üpjün etmäge, olaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga we kämilleşdirmäge gönükdirilendir.
Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlara bildirýän ynamy olarda geljegiň täze menzillerine, ösüşiň ýokary basgançaklaryna ymtylyş döredýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň beýik maksatlarynyň töweregine mäkäm jebisleşen halkymyz we ýaş nesiller uly bagta eýe boldy. Ol bagt eziz Watanymyza, Arkadagly Serdarymyza, merdana halkymyza guwanyp, buýsanyp ýaşamak bagtydyr. Yhlasly çeken zähmetimiz ata Watanymyzyň ösüşleriniň kepilidir.
Erkin HEZRETOW,
TMÝG-niň Lebap welaýatynyň Çärjew etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň müdiri.