Her gün säher bilen açyk howada ylgamak sagdyn bedenli bolmagymyz üçin zerurdyr. Ýöne muňa garamazdan, käbir bilermenler ylgawyň bedenimize ýetirýän täsirini pyýada ýöremeklikden hem alyp bolýandygyny aýdýarlar. Elbetde, ählimiz ýöremegi bilýäris, ýöne tehniki taýdan dogry ýöremekligi welin hut şu gün öwreneris:
Ir bilen ýa-da günüň islendik wagty pyýada ýöräniňizde ýere seretmegiň ýerine başyňyzy ýokary tutup elmydama öňe serediň.
Egniňizi, boýnuňyzy we arkaňyzy rahatlaň. Dik we berk ýagdaýda ýöremek maslahat berilmeýär.
Elleriňizi birneme silkip ýöräň. Tirsekleriňizi egiň.
Garyn myşsalaryňyz dartylmaly we arkaňyz göni bolmaly. Yza ýa-da öňe egilmäň.
Pyýada 10.000 ädim ätmek bilen ortaça 500 kaloriýa sarp edýändigimizi hem unutmaň!
Onda nämä garaşýarys, sagdyn bolmak üçin ädimlerimizi hut şu günden ädeliň!
«TürkmenGazet».