Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan ösüş-özgerişlerde çagalarymyzyň aýdyň ertirini, ýagty geljege bolan ynamly garaýyşlary aýdyň görýäris. Şeýle bagtyýar döwürde ýaş nesli terbiýelemekde gadymdan gelýän däp-dessurlara, ýol-ýörelgelere esaslanylýar.
Öz geçmişini gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep-kadalary nesil terbiýesine gönükdirilendir. Asyrlarboýy halkymyzyň çaga terbiýelemekde kämilleşen asylly däpleri, edep kadalary Oguz han eýýamynda kemala gelip, türkmeniň milli ruhy dünýäsinden kök alýar.
Ata-babalarymyz nesil terbiýesine, edep-ekramyna uly üns bermek bilen, öz nesil dowamatynyň akylly, asylly, sagdyn, dogruçyl, ruhubelent, watansöýüji, zähmetsöýer adamlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edipdirler, bu işi parz hasaplapdyrlar. Sebäbi nesil terbiýesi örän çylşyrymly hem-de jogapkärli işdir. Her bir çaga jemgyýetde özüni alyp barmagyň düzgünlerini, daş-töwerege, adamlara bolan garaýyşyny öz maşgalasynda ene-atasyndan, mekdepde mugallymyndan, deň-duşlaryndan öwrenýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýesinden kemala gelen «edep» sözi köp manyny, ýagny terbiýe, tertip, utanç-haýa, sypaýylyk ýaly çuň manylary özünde jemleýär. Şonuň üçin çaga terbiýesinde edeplilik baradaky düşünjä uly orun degişli bolup, bu hem gönüden-göni ýaşuly nesliň göreldesi bilen baglydyr. Sebäbi döwletiň berkligi jemgyýete bagly, jemgyýetiň sagdynlygy bolsa maşgala bilen dahyllydyr. Maşgala milletiň, jemgyýetiň galkynmagynda uly orun tutýan bolsa, maşgalanyň galkynmagynda perzende düşýän paý hem ýokarydyr.
Türkmen perzendiniň kämil sowatly, edep-terbiýeli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmeginde bilim-terbiýeçilik ojaklarynyň alyp barýan işleri hem bellärliklidir. Biz — bilim işgärleri hökmünde öz öňümizde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga çalyşmak bilen, ýaş nesilleriň ata Watanymyza, ene topragymyza bolan söýgüsini artdyrmak, olaryň bu ugurdaky duýgy-düşünjelerini çuňlaşdyrmak ýörelgelerine hem berk eýerýäris. Biz nesillerimiziň terbiýesi bilen bagly işlerimizde we durmuşymyzda Gahryman Arakadagymyzyň ajaýyp eserlerini gymmatly gollanma hökmünde peýdalanýarys.
Täze taryhy eýýamda rowaçlanýan özgertmelerden, milli ýörelgelerimizden ruhlanyp işlemäge, ýaş nesillerimize sowat öwretmäge we olary hakyky şahsyýetler hökmünde terbiýeläp ýetişdirmäge uly mümkinçilikleri açyp berýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza alkyşlar aýdýarys.
Ženet DAWRONOWA,
Sakarçäge etrabyndaky 14-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.