Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň, ýurdumyzyň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygyny, döwletlilik ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändigini aýdyň görkezdi.
Döwletli maslahatda halkymyzyň göwün islegleri, haýyşlary nazara alnyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Permany bilen, Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de kanun esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip ykrar edilmegi ähli halkymyzyň göwün islegini beýan edýän taryhy çözgüt boldy. Munuň özi halkymyzyň Gahryman Arkadagymyza mizemez ynamynyň ýene-de bir gezek ýokary derejede ýüze çykmasydyr. Bu belent ynamyň aňyrsynda köp ýyllaryň dowamynda halkyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmekde amal edilen uly işler, döwletli tutumlar durandyr. Bularyň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde amala aşyrylyp, ýurdumyzyň keşbini düýpli özgertdi, abadan durmuşyň esaslaryny pugtalandyryp, halkymyzy rowaç ýaşaýşa eýe etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň jemgyýetçilik wekilleriniň bilelikdäki mejlisindäki taryhy çykyşynda üstünlikleriňdir şanly sepgitleriň halkymyzyň agzybirlikde, jebislikde, ýurtda alnyp barylýan syýasaty goldap, yhlasly zähmet çekmekleri netijesinde gazanylandygyny nygtady, geljek üçin maksatnamalar kabul edilende-de, özgertmeler meýilleşdirilende-de, ilkinji nobatda, mähriban halkymyza daýanylyp, ähli işlerimiziň halkymyzyň bähbitlerine gönükdiriljekdigini aýtdy.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe kuwwatly döwletimiz gazanylan üstünlikler bilen çäklenmän, öňe barýar, ösüşleriň täze belentliklerine çykýar.
Saodat AZNIÝAZOWA,
Türkmenabat şäherindäki 21-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy.