«Bilimli nesil — kuwwatly Watan» diýen şygary dabaralandyrýan ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, giň gözýetimli, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamak ugrunda uly möçberli işler alnyp barylýar.
Her ýyly döwrebap atlandyrmak baradaky asylly däbe eýerilip, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we iri jemgyýetçilik birleşiklerinde geçirilen maslahatlarda, şeýle-de Mejlise gelip gowşan tekliplerde 2023-nji ýyly «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýip atlandyrmak baradaky pikir öňe sürüldi. Köp sanly teklipler nazara alnyp, Mejlisiň degişli kararyna laýyklykda, 2023-nji ýyl hut şeýle-de atlandyryldy. Ýylyň şygarynyň mazmunynda Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýylyň 11-nji fewralynda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisinde Watanymyzyň geljegini gurujylar hökmünde ýaşlara bildiren uly ynamynyň we döwlet Baştutanymyzyň ýaş nesilleri ata-babalarymyzyň bize miras goýup giden milli ýörelgeleri esasynda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek babatdaky tagallalarynyň aýdyň beýany bar.
Hormatly Prezidentimiz Ýaşlar guramasynyň nobatdaky VIII gurultaýyna hem-de ýurdumyzyň ähli ýaşlaryna iberen Gutlagynda ýaşlaryň jemgyýetimiziň işjeň bölegidigini nygtap: «Eziz Diýarymyzyň güýç-kuwwaty, abraý-mertebesi we aýdyň geljegi bolan ýaşlar biziň alyp barýan işlerimize, ýurdumyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar. Bu günki gün ylym-bilim, sport, medeniýet, sungat ugurlarynda dünýäde uly üstünlikleri gazanýan türkmen ýaşlarynyň döwletimiz tarapyndan özlerine bildirilýän belent ynamy ödeýändiklerine buýsanýarys» diýip belledi. Bu bolsa Diýarymyzda ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, olaryň ýokary hilli bilim almagy, döredijilik, sport bilen meşgullanmagy, ukyp-başarnyklaryny doly ýüze çykarmagy üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaşlaryň ruhy we beden taýdan sagdynlygy, hünär taýýarlygy esasynda kämil şahsyýet bolmagy, döredijilik ukyby, pikirlenmek başarnygy jemgyýetimiziň kämilleşmegine hem-de döwletimiziň ösüşine uly itergi berýän güýçdür.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeler Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň has eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilendir.
Sülgün SEÝITMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Weterinar lukmançylygy fakultetiniň 5-nji ýyl talyby.