Žurnalistiň sahypasy

Arkadag şäheri — bagtyýarlygyň mekany

11-01-2023 / 14

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri halkymyzyň baky bagtyýar hem-de abadan durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen beýik işler bilen şöhratlanýar. Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň «Arkadag şäheri» diýlip atlandyrylmagy ähli halkymyzda hoşallyk duýgusyny döretdi.

Bilşimiz ýaly, ýurdumyzyň Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen welaýatyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň düýbi tutulupdy we onuň gurluşygyna badalga berlipdi. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli üns bermegi netijesinde ata-babalarymyzyň şöhrata beslenen mukaddes taryhy topragynda örän gysga döwrüň içinde ajaýyp şäher bina edildi. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde kemala gelen bu täze, döwrebap şäher ýurdumyzyň Garaşsyzlyk senenamasyna täze, ajaýyp sahypa bolup ýazylýar.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde gurlan bilim, saglygy goraýyş, medeniýet edaralaryna we sungat binasyna öz Watanyna we halkyna wepaly hyzmat etmegiň ajaýyp nusgasyny görkezen, ähli bilimini, tejribesini ýurdumyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine bagyşlan meşhur şahsyýetlerimiziň atlarynyň dakylmagy halkymyzyň ata-babalarymyzyň şöhratly pederlerimize sarpa goýmak, ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza buýsanç ruhunda terbiýelemek, ýaşlaryň ruhubelent we sagdyn bedenli bolup ýetişmekleri baradaky wesýetlerine wepalydygyny ýene-de bir gezek bütin aýdyňlygy bilen görkezýär.

Arkadag şäheri döwrebap, dünýäniň iň öňdebaryjy innowasiýalaryna esaslanýan binalar toplumydyr. Halkymyzyň amatly, rahat, howpsuz durmuşyny üpjün edýän, ylmyň we tehnikanyň örän çalt depginlerdäki ösüşlerini äleme äşgär edýän türkmeniň döreden gymmatlygydyr. Arkadag şäheri «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäniň aýdyň dabaralanmasydyr. Arkadag şäheriniň barha rowaçlyklara, uly üstünliklere beslenýän ajaýyp durmuşyna ser salanyňda, berkarar Diýarymyzyň ykdysady we medeni ösüşleri, jemgyýetimiziň ýokary medeniýetiniň we ruhy durmuşynyň derejesi, aň-bilim mümkinçilikleri, halkymyzyň dünýä derejesindäki ýaşaýyş-durmuşy has aýdyň duýulýar. Bu ýerde ýaşaýjylar we myhmanlar üçin döredilýän şertleriň ýokary derejesi köpleriň ünsüni çekýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde bolşy ýaly, bu ýerde amala aşyrylýan beýik işler ähli talyp ýaşlarymyzda hem ýatdan çykmajak ýakymly täsirleri galdyrýar. Ata Watanymyza, mukaddes topragymyza, mähriban halkymyza bolan söýgini artdyrýar.

Kurbangeldi HANDURDYÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu