Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda milli ykdysadyýetimizde uly üstünlikler gazanylýar. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini mundan beýläk hem ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda sanly ulgamyň aýratyn orny bardyr. Şonuň üçin bu ugra aýratyn üns berilýär we döwrebap mümkinçilikler durmuşa ornaşdyrylýar.
«Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» wezipeleriniň yzygiderli durmuşa geçirilmegi ýurdumyzyň mundan beýläk-de ösmegine, işewürlik we maýa goýum işjeňliginiň artmagyna, dolandyryşyň öňdebaryjy usullarynyň ornaşdyrylmagyna ýardam edýär.
Ylmyň we bilimiň has-da ösen häzirki döwründe tehnologiýalara, kompýuter enjamlaryna, elektron programmalaryna giň ýol açylýar. Şonuň üçin sanly ulgam dürli pudaklarda işjeň ornaşdyrylýar. Munuň özi ösüşi üpjün etmek bilen bir hatarda, ylmyň iň täze gazananlaryny hem durmuşa ornaşdyrmak bolup durýar. Şonuň üçin hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden peýdalanylýar. Sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi birnäçe amatlyklary döredýär.
Ýurdumyzda bilim ulgamyny kämilleşdirmek bu günki günde innowasion tehnika we programma üpjünçiligi bilen bagly bolup durýar. Ýaşlara bilim bermekde sanly ulgamyň uly ähmiýete eýedigini nazarda tutup, ýörite Konsepsiýa kabul edildi. Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy hakynda aýratyn bellemegimiz gerek. Konsepsiýanyň esasy maksady elektron görnüşdäki maglumatlary sanly öwrenijiler arkaly köpçülige ýetirmekden ybaratdyr. Sapaklarda ulanyljak maglumatlar dolanyşygynyň kämilleşdirilmegi bilim pudagynda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylýandygyny görkezýär. Häzirki wagtda — maglumatlar zamanasynda aragatnaşyk we maglumat, bilim ulgamyny baglanyşdyrmakda kompýuter tehnologiýasynyň orny ýokarlanýar. Şunda internetiň we maglumat tehnologiýalarynyň mümkinçilikleriniň giňişleýin peýdalanylmagy mugallymlaryň we hünärmenleriň wagtlaryny tygşytlamagyna kömek edýär.
Hyzmatlaryň gysga wagtyň dowamynda ýerine ýetirilmegi, şeýle hem kagyz görnüşinde ulanylýan maglumatlaryň azalmagy üçin, sanlylaşdyrylan ulgamyň döredýän mümkinçilikleri diýseň uludyr. Şonuň üçin häzirki döwürde ykdysadyýetiň sanlylaşdyrylmagyna dünýäniň ähli döwletleri aýratyn ähmiýet berýärler. Sanly bilim we sanly ykdysadyýet ýurduň ykdysady kuwwatyny artdyrmakda hem-de ilatyň bilim, ýaşaýyş derejesini ýokary götermekde giň mümkinçilige eýedir.
Hudaýberdi HUDAÝBERDIÝEW,
Halaç etrabyndaky 24-nji orta mekdebiň fizika mugallymy.