Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýörite taýýarlanan baýramçylyk maksatnama boýunça konsertler hem-de beýleki döredijilik çäreleri geçirilýär. Bagtyýar çagalaryň Täze ýyl baýramyny şadyýan geçirmekleri üçin zerur bolan ähli çäreler göz öňünde tutulýar.
Çagalar baglarynda Täze ýylyň baýramçylygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary geçirilýär. Dabaranyň dowamynda çagalar üçin çekeleşikli bäsleşikler we erteki tomaşalary guralýar, olara täze ýyl sowgatlary gowşurylýar. Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli aýdylan gutlaglar çagalarda ýakymly täsir galdyrýar. Owadan geýnen bagtyýar çagalar dürli öwüşginli arçanyň daşynda ,,ertekiler dünýäsinden” gelen gahrymanlar bilen el tutuşyp, aýdym aýdyp, tans edýärler, gyzykly oýunlar oýnaýarlar.
Täze ýyl – bu biziň terbiýeleýän çagalarymyzyň iň gowy görýän baýramçylyklarynyň biri. Biz olarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrmak üçin baýramçylyk dabarasyny giňden we şatlyk-şowhunly geçirmek üçin ähli taýýarlyklary gördük. Çagalaryň şadyýan gülküleri biziň üçin iň gymmat sowgat bolup durýar.
Täze ýyl baýramynyň gelşigi bezemen arçalar, täze ýyla sabyrsyzlyk bilen garaşýan körpeleriň şatlygy, Aýazbabanyň sowgatlary, Garpamygyň gutlagy…Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp geçirilýän dabaralarda ýaňlanan aýdym-sazlar uly-kiçä şatlyk paýlap, ajaýyp bir sazlaşygy döredýär. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanan dabaralar çagalara toý şatlygyny paýlaýar.
Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesilleriň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edýän bimöçber işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimize çäksiz alkyş aýdýarys. Asuda ýurdumyzda bagtyýar çagalaryň şadyýan gülki sesleri hemişe belentden ýaňlansyn!
Ejegül ILAMANOWA,
Daşoguz şäheriniň 21-nji çagalar bakja-bagynyň saz ýolbaşçysy.