Žurnalistiň sahypasy

Ösüşiň möhüm innowasion ugry

28-12-2022 / 32

Häzirki wagtda ata Watanymyz Türkmenistan bütin dünýäde ykdysady taýdan ösen güýçli senagat döwleti hökmünde ykrar edilýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda milli ykdysadyýetimiz diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilýär, onuň pudaklaryna ylmy-tehniki ösüşiň iň soňky gazananlary yzygiderli ornaşdyrylýar. Bu ugurda ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmeklige döwlet derejesinde aýratyn uly üns berilýär.

XXI asyr tehnologiýalar asyry. Bu asyr innowasiýalaryň çalt ösýänligi — täze kämil görnüşleriniň oýlanyp tapylýandygy bilen tapawutlanýar. Ylmy-tehniki progresiň şeýle çalt depginler bilen ösmegi netijesinde döredilýän innowasion tehnologiýalaryň mümkinçilikleriniň çäksizdigi bolsa, aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şoňa görä-de, häzirki zaman innowasiýalar eýýamynda biziň durmuşymyzyň ähli ugurlary tehnologiýalaşdyrylýar. Indi olar adamzat durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrülip, durmuş müşgilliklerini ýeňilleşdirmäge ýardam berýär, ählumumy durnukly ykdysady ösüşiň binýady hökmünde doly ykrar edilýär.

Ýurdumyzda sanlylaşdyrmak işi «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda üstünlikli alnyp barylýar. Konsepsiýa ykdysadyýetimizi sanlylaşdyrmagyň ähli ugurlaryny öz içine alýar. Şunuň bilen baglylykda, bu resminama kabul edilen gününden bäri ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça giň gerimli taslamalar durmuşa geçirildi. Bu bolsa milli ykdysadyýetimizde täze önümçilikleriň ýüze çykmagynda — ylmy siňňitli harytlaryň önümçiliginiň ýola goýulmagynda, ýurdumyzyň önümçilik kuwwatlyklarynyň artyp, eksport mümkinçilikleriniň has-da netijeli ösmeginde özüniň aýdyň beýanyny tapdy.

Diýarymyzda sanly ykdysadyýete geçmek işiniň netijeleri dürli ugurlaryň işiniň ilerlemegine uly täsir etdi.

Mähriban MÄMMEDOWA,
TDIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu