
Terbiýe –munuň özi ynsanyň ýüreginde bar bolan gowy häsiýetlerini ýüze çykarmaga täsir etmegini we daşky gurşawyň oňat ýörelgelerini endik etmegini gazanmakdyr. Ynsany halal we ruhubelent ýaşamaga, mydama netijeli hereketde bolmaga gönükdirmekdir. Onda mukaddes zatlary söýmek, ýaramaz endikleri ýigrenmek häsiýetini oýarmakdyr. Terbiýe ynsanyň bedenini terbiýeläp, sagdyn durmuş ýörelgesine ugrukdyrmagyny, kalbynda Watana, halka söýgi, bilime teşnelik döredip, tebigatyň we ynsanyň döreden gymmatlyklaryny estetiki kabul edip bilmegini gazanmakdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz tarapyndan milli ruhy-ahlak ýörelgelere uly üns berilýär. Döwrüň ýaşlaryna ynsanperwerlik, ruhubelentlik, paýhaslylyk, rehimdarlyk, kiçigöwünlilik, asyllylyk, sadalyk, halallyk, sabyr-kanagatlylyk, gülerýüzlülik, durnuklylyk, dogruçyllyk, maksada okgunlylyk, Watana, il-ulsa wepalylyk ýaly gowy gylyk-häsiýetler mahsus bolmalydyr.
Ýaş nesillerde ýokary ahlaklylygy terbiýelemek esasy zerurlykdyr. Bu babatda pederlerimiziň asylly ýörelgelerine salgylanmak gerekdir. Belent ynsanperwerlik, ýokary ahlak gymmatlyklary esasynda geljekki nesiller üçin nusgalyk, sagdyn düşünjeler emele gelýär. Türkmen halky mydama çaga terbiýesine uly üns beripdir. Olar çagalarynyň belent ahlakly, ynsanperwer, Watanyny, halkyny, zähmeti söýýän, ylymly-bilimli, edepli-terbiýeli, iline gerekli adamlar bolup ýetişmegi üçin aladalanypdyrlar. Netijede Oguz han, Çagry beg, Togrul beg, Gorkut ata, Seljuk han, Görogly beg, Keýmir kör, Alp Arslan, Magtymguly ýaly ençeme parasatly, dana, merdana şahslar kemala gelipdir.
Adamyň ýaşaýşyny üpjün edýän esasy zat hem tebigatdyr. Diýmek, ynsanyň ýaşaýşy, hereketi tebigata bagly. Tebigat biziň saglygymyzy goramakda serişde çeşmesidir. Biz öz saglygymyza nähili aýawly garaýan bolsak, tebigata hem şeýle derejede aýawly çemeleşmelidiris. Şeýlelikde, her bir çaganyň ilhalar adam bolup kemala gelmeginde gözel tebigatiň hem ähmiýeti örän uludyr. Terbiýeçiniň, ene-atanyň, mugallymyň, jemgyýetçilik işgäriniň ýagşy edep-göreldesi we ýaşlardan talap edýän dogry zatlary kämil şahsyýetiň kemala gelmeginde uly orun eýeleýär.
Feruza ALLANAZAROWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň bölüm müdiri.