Kämil medeniýetiň döremegine, yzygiderli ösmegine itergi berýän esasy zatlar ynsan durmuşynyň çuň manylylygy we onuň döredijilik güýjüniň köp taraply ösüşidir.
Medeniýet adamzat tarapyndan döredilen we döredilýän, şahsyýetiň sazlaşykly ösdürilmegine, ýaşlarda watançylygy terbiýelemäge, ýokary ahlaklylyk we ruhy – ahlaklylyk häsiýetlerini kemala getirmäge, halkyň estetiki talaplaryny we bähbitlerini kanagatlandyrmaga gönükdirilen maddy we ruhy gymmatlyklaryň jemidir.
Medeniýet sungat bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Sungat adam zähmetiniň edebiýat, suratkeşlik, grafiki, heýkeltaraşlyk, bezeg, binagärlik, amaly-haşam sungaty, saz, aýdym, tans, teatr, sirk, kino, telewideniýe we beýleki görnüşleriniň üsti bilen hakykatyň çeper keşplerde beýan edilmegidir.
Sungat – jadyly dünýä. Ynsan zehininden kemal tapyp, ylham älemine atarýan sungatda ylahy güýç bar. Sungatyň ynsan ruhuna edýän täsirem üýtgeşik. Sungata bolan zehin ynsana tebigy berlen peşgeşdir. Sungat – şol peşgeşi öz zehini, yhlasy bilen kämilleşdirip, halka ýetirmek ukybyňa baglydyr.
Hakyky sungat ynsanyň ýüregine siňip, ruhuna lezzet berýär. Iň ýakyn hossaryň aýdan hoş sözi ýaly, kalbyň pynhan, näzik jümmüşine ornaşýar. Mylaýym ene hüwdisine meňzäp, ynsanyň kalbyna siňýär. Türkmen halkynyň saz sungaty öz köklerini gadymy döwürlerden alyp gaýdýar.
Aýdym-saz, tans, folklor sungaty ynsan pikirine, duýgusyna täsir edip, töwerek-daşy gurşap oturan dünýä baradaky garaýşy çuňlaşdyrýar, sagdynlaşdyrýar. Bu wezipe sesleriň-owazlaryň, manyly sözleriň, owadan hereketleriň sazlaşygynyň üsti bilen ynsan duýgularyna täsir etmekde şöhlelenýär.
Göwher MOWLÝAMOWA,
TMÝG-niň Köýtendag etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.