Žurnalistiň sahypasy

Ylma teşne ýaşlar

25-12-2022 / 8

Bir çynar agajy ýüz ýylda ýetişýär, bir kädiniň ýetişmegi üçin bolsa, 3 aý ýeterlikdir. Ylym hem çynar mysalydyr. Ol uly güýç we gaýrat talap edýär. Bu ýoluň aňsat däldigi, käbir kynçylyklarynyň bardygy öz-özünden düşnükli.

Aň-paýhasyň, zehiniň, zähmetiň, yhlas-höwesiň zerur bolşy ýaly, bir zady gazanmak üçin mümkinçiligem möhümdir. Her bir ynsanyň geljekki maksatlarynyň, ýaşaýşynyň we durmuşynyň ýagtylandyryjy güýji hasaplanýan ylym-bilimi ýokary derejede almak üçin ýurdumyzda mümkinçilikleriň ähli gapysynyň açykdygyny buýsanç bilen aýtmaly. Ýaşlar babatda döredilýän şeýle giň mümkinçilikler olaryň zehinlerini açmaga we ukyplaryndan ýerlikli peýdalanmaga bolan mümkinçilikdir.

Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, syýasy berkararlygyny goldamaga, ylym-bilimi, medeniýeti we saglygy goraýşy we beýleki ulgamlary ösdürmäge ýaşlarda uly höwes bar. Ylmyň gazananlaryny durmuşa ornaşdyrmaga we tejribede synap görmäge ýaşlaryň köpçülikleýin çekilmegi işleri has-da ilerledýär. Ýurt derejesinde hem-de ondan daşary matematika, himiýa, informatika, dil ugry, tebigy we gumanitar ylymlary babatda halkara bäsleşikler geçirilýär. Olara zehinli ýaşlarymyz gatnaşyp, baýrakly orunlary eýeleýärler. Munuň özi ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, bilim almaklary, hünär öwrenmekleri üçin berk binýadyň döredilendiginiň subudydyr.

Ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmek boýunça alnyp barylýan giň möçberli işler biz — ýaşlarda aýratyn hyjuw we joşgun döredýär. Watanymyza bolan çuňňur söýgi ýüreklerimize mäkäm baglanyp, ene topraga bolan sarpamyzy beýgeldýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly: «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!».

Jeren ANNAMUHAMMEDOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ünsüňizi çekip biler

Leave a Reply

Başa dön tuşu